Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.
Meni ol ýere Rebbiň ylhamy alyp bardy. Iýerusalimdäki ýygnaklaryň ýolbaşçylary bilen aýratyn duşuşyp, olara keseki milletlere wagyz edýän Hoş Habarymy beýan etdim. Men muny öňki-soňky edenlerimiň bary puja çykaýmasyn diýip etdim.
Ýaşaýyş berýän Hoş Habary gaýym tutuň. Şonda men biderek ýere yhlas etmändigim, azabymyň puja çykmandygy babatda Mesihiň geljek gününde magtanyp bilerin.
Şoňa görä-de, mundan artyk çydap bilmän, imanyňyzdan habar almak üçin, men Timoteosy ýanyňyza iberdim. Çünki azdyryjy şeýtanyň haýsydyr bir ýol bilen sizi azdyryp, azabymyzyň biderek bolaryndan gorkdum.