Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 3:29 - Mukaddes Kitap

29 Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

29 Эгер сиз Месихе дегишли болсаңыз, онда Ыбрайымың неслисиңиз ве берлен вада гөрә мирасдүшерсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 3:29
26 Iomraidhean Croise  

Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip oýlamaň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir!


Şeýlelikde, perzentleri bolan bolsak, onda mirasdüşeridiris. Hudaýyň mirasdüşerleri bolýan bolsak, onda Isa Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys. Biz Isa Mesihiň gören görgülerine şärik bolýan bolsak, onda Onuň şan-şöhratyna hem şärik bolarys.


Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler.


Mese-mälim görnüp durana serediň-ä! Eger kimdir biriniň özüniň Mesihe degişlidigi barada berk ynamy bar bolsa, goý, şuňa düşünsin: biz hem edil şonuň ýaly Mesihe degişlidiris.


Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşdy. Ol bu ähti berjaý etjekdigi barada Ybraýyma we onuň nesline wada berdi. Mukaddes Ýazgylarda «seniň nesilleriňe» diýip köpçülik barada däl-de, «seniň hut öz nesliňe» diýip, ýeke-täk Biri barada wada berlendir. Bu hem Isa Mesihdir.


Miras kanun boýunça däl-de, wada boýunça berilýändir. Hudaý bu mirasy Ybraýyma peşgeş berdi. Çünki Hudaý oňa wada beripdi.


Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz.


Şoňa görä-de, şuny bilip goýuň: iman edenler Ybraýymyň hakyky neslidir.


Men size şuny hem aýdaýyn: mirasdüşer tutuş mülküň hojaýyny bolsa-da, çagalyk döwründe guldan hiç tapawudy ýokdur.


Şunlukda, siz indi gul däl-de, Hudaýyň ogullarysyňyz. Ogul bolanyňyz üçin, Hudaý sizi Özüniň mirasdüşeri edýändir.


Isa Mesihe degişli bolanlar öz ynsan höweslerini we joşgunlaryny haça çüýländirler.


Hudaýyň Ysraýyl halkyna, ýagny şu düzgüni berjaý edýänleriň baryna parahatlyk bilen merhemet ýar bolsun!


Ine, Hudaýyň syry şudur: Hoş Habary kabul edýän ýahudy däller hem ýahudylara berlen ýalkanyş wadasyna, bir bedene, bir mirasa deň derejede şärikdirler. Sebäbi olaryň hemmesi Isa Mesihe degişlidir.


Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.


Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy.


Hudaý hem wadasyny kabul edýänlere Öz maksadynyň üýtgewsizdigini subut etmek isledi. Şonuň üçin Ol muny kasam bilen tassyklady.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


Ýeňen, ine, bularyň baryny miras alar. Men onuň Hudaýy bolaryn, ol hem Meniň perzendim bolar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan