Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 3:27 - Mukaddes Kitap

27 Çünki suwa çümdüriliş arkaly Isa Mesih bilen birigen siziň baryňyz indi Oňa beslenensiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

27 Чүнки сува чүмдүрилиш аркалы Иса Месих билен бириген сизиң барыңыз инди Оңа беслененсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 3:27
20 Iomraidhean Croise  

Dogruçyllygy eşik kimin geýdim, ol meni örtdi; adalatym bolsa don we selle kimindi.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Emma kakasy hyzmatkärlerine buýruk berip: „Dessine iň saýlama dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük dakyň, aýaklaryna köwüş geýdiriň.


Lidiýa tutuş öý-içersi bilen suwa çümdürilenden soňra bizi öýüne çagyryp: «Meni Rebbe sadyk saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip ýalbaryp, bizi yrdy.


Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.


Sebäbi Mukaddes Ruh entek olaryň hiç biriniň üstüne inmändi, olar diňe Reb Isanyň ady bilen suwa çümdürilipdi.


Şol pursatda gözlerinden perde syrylan dek, Şawulyň gözleri açyldy. Ol ýerinden turup, Isanyň ady bilen suwa çümdürildi.


Ynsan höwesleriňizi nädip kanagatlandyrarkam diýip oýlanmaň-da, gaýtam, Rebbimiz Isa Mesihe besleniň.


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


Olaryň bary buluda we deňze çümdürilip, Musanyň şägirtleri boldular.


Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.


Hakyky dogrulyk we mukaddeslik bilen Hudaýyň keşbinde ýaradylan täze ýaradylyşa besleniň.


Indi Ýaradanyň keşbine meňzemekde we Ony tanamakda täze ýaradylyşa besleniň.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan