Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 3:22 - Mukaddes Kitap

22 Emma Mukaddes Ýazgylaryň yglan etmegine görä, biziň ählimiz günäniň tussaglarydyrys. Hudaý bolsa bize wada beren peşgeşini Isa Mesihe iman edýänimiz üçin berýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Эмма Мукаддес Язгыларың ыглан этмегине гөрә, бизиң әхлимиз гүнәниң туссагларыдырыс. Худай болса бизе вада берен пешгешини Иса Месихе иман эдйәнимиз үчин берйәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 3:22
31 Iomraidhean Croise  

Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.


Iman edip çümdürilen halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler.


Maňa iman eden her kes garaňkylykda galmasyn diýip, Men dünýä nur bolup geldim.


Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.


Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar, emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, ol Hudaýyň gazabyna duçar bolýar».


Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir.


Ogly gören we Oňa iman eden her bir adamyň baky ýaşaýşa gowuşmagy Atamyň yradasydyr. Men-de bu adamlary ahyrky gün gaýtadan direlderin».


Olar hem: «Rebbimiz Isa iman et, özüň-de, tutuş öý-içeriň hem halas bolar» diýdiler.


Şoňa görä-de, eger sen agzyň bilen Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýürekden iman etseň, halas bolarsyň.


Çünki Hudaý hemmelere merhemet etmek üçin, hemmeleri bitabynlygyň tussagy etdi.


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular.


Bir ynsan, ýagny Adam ata zerarly günä dünýä aralaşdy, günä bolsa ölümiň gelmegine sebäp boldy. Ynsanlaryň ählisi günäli bolany üçin, ölüm olaryň üstünden höküm sürüp başlady.


Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.


Şeýlelikde, men size şuny aýtmakçy: dört ýüz otuz ýyl geçenden soň berlen Mukaddes Kanun bu ähti bozup-da, Hudaýyň wadasyny ýatyryp-da bilýän däldir.


Biz Isa Mesihe iman etmezden öň Mukaddes Kanunyň guludyk, gelejekki iman aýan bolýança, bu Kanunyň tussagydyk.


Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.


Isa Mesihiň resuly men Pawlusdan söýgüli oglum Timoteosa dogaýy salam! Hudaý meni Isa Mesih arkaly beren ýaşaýyş wadasyny jar etmek üçin saýlady. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty we parahatlygy saňa ýar bolsun!


Şu sebäpli hem çagyrylanlary Hudaýyň wada eden ebedi mirasyna gowşurmak üçin, Isa Mesih täze ähtiň Binýatçysy boldy. Olary owalky äht döwründe eden günäleriniň jezasyndan azat etmek üçin Ol gurban boldy.


Hudaý bize juda gymmatly beýik wadalary berdi. Ol bu wadalar arkaly siziň bu dünýädäki erbet höweslerden döreýän azgynçylykdan gaça durup, Özüniň tebigatyna şärik bolmagyňyzy niýet etdi.


Emma biz Hudaýyň wadasyna esaslanyp, dogrulygyň mekany bolan täze asmana we täze ýere garaşýarys.


Çünki Mesih bize baky ýaşaýşy wada berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan