Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 3:21 - Mukaddes Kitap

21 Diýmek, Mukaddes Kanun Hudaýyň wadasyna garşy çykýar-da?! Elbetde, ýok! Ýöne Kanun bize ýaşaýyş berip bilmeýär ahyryn. Muňa görä, ol arkaly dogrulygy-da gazanyp bilmeýäris.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Диймек, Мукаддес Канун Худайың вадасына гаршы чыкяр-да?! Элбетде, ёк! Йөне Канун бизе яшайыш берип билмейәр ахырын. Муңа гөрә, ол аркалы догрулыгы-да газанып билмейәрис.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 3:21
18 Iomraidhean Croise  

Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer». Halk muny eşidip: «Daş edewersin!» diýdi.


Onda näme? Iman arkaly Musanyň Kanunyny ýatyrýarysmy? Ýok! Tersine, biz ony berkarar edýäris.


Asla etmez! Adamlaryň ählisi biwepa bolaýanda-da, Hudaý sadykdyr. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaý barada şeýle ýazylgydyr: «Sen çykaran hökümiňde adalatlysyň, Kazylyk edeniňde, üstün çykansyň».


Elbetde, ýok! Hudaý adyldyr. Eger şeýle bolmasa, Ol heý-de dünýä kazylyk edip bilermi?!


Ysraýyl halky bolsa Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanmakçy boldy, ýöne muny başarmady.


Hawa, daş böleklerine oýulyp ýazylan Kanun ölüme höküm edýärdi. Emma muňa garamazdan, Hudaýyň şöhraty Musanyň ýüzüne çaýylypdy. Bu nur öçügsi bolsa-da, ysraýyl halkynyň gözüni gamaşdyrypdy. Eger ölüme höküm edýän hyzmatyň şöhraty şeýle bolsa,


Mukaddes Kanun bizi, ýagny Mesih arkaly aklanmakçy bolýanlary hem günäli çykarýar. Onda Mesih günäniň gullukçysy bolýarmy? Ýok, bu düýbünden beýle däl!


Mukaddes Kanunyň özi meni ölüme höküm etdi. Şoňa görä-de, men Mukaddes Kanun üçin öli bolup, indi onuň gözegçiliginde däldirin. Men indi Hudaý üçin ýaşaýandyryn. Men Mesih bilen haça çüýlendim:


Men Hudaýyň merhemetini inkär etmeýärin. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly aklanyp bolýan bolsady, onda Mesihiň ölümi biderek bolardy».


Men bolsa Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga zat babatda asla magtanasym gelmeýär. Şu haç arkaly men bu dünýä üçin, bu dünýä-de meniň üçin ölüdir.


Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy.


Hawa, öňki kada-kanunlar gowşakdygy hem peýdasyzdygy zerarly ýatyryldy.


Çünki kanun hiç bir zady kämilleşdirmedi. Indi munuň deregine bizi Hudaýa ýakynlaşdyrýan has oňat bir umyt berildi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan