Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 3:2 - Mukaddes Kitap

2 Men sizden diňe bir zady soramakçy: siz Mukaddes Ruhy Kanuny berjaý edip aldyňyzmy? Elbetde, ýok! Siz Mukaddes Ruhy eşiden Hoş Habaryňyza iman edeniňiz üçin aldyňyz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Мен сизден диңе бир зады сорамакчы: сиз Мукаддес Рухы Кануны берҗай эдип алдыңызмы? Элбетде, ёк! Сиз Мукаддес Рухы эшиден Хош Хабарыңыза иман эдениңиз үчин алдыңыз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 3:2
19 Iomraidhean Croise  

Her bir ynsanyň ýüregini bilýän Hudaý bize beren Mukaddes Ruhuny keseki milletlere hem berdi. Şu arkaly olary kabul edendigini tassyklady.


Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.


Petrus bilen Ýohanna ol ýere baryp, olaryň hem Mukaddes Ruhy almagy üçin doga-dileg etdiler.


Hoş Habar Hudaýyň adamlary aklaýandygyny aýan edýär. Ol iman edýänleri, hawa, diňe iman edýänleri aklaýar. Çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Dogruçyl iman bilen ýaşar» diýip ýazylgydyr.


Men Hudaýyň Kanunyny bilmeýänleri gazanjak bolup, ony bilmediksirän boldum. Hakykatda welin, Hudaýyň Kanunyna görä ýaşap, Mesihiň buýruklaryna tabyndyryn.


Çünki kimdir biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edende, siz oňa geçirimlilik edýäňiz-ä! Wah, siz kabul eden Mukaddes Ruhuňyzdan başga bir ruhy ýa-da başga «hoş habary» kabul etmäge-de taýýar ahyryn!


Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.


Siz Mukaddes Ruh bilen başlap, indi-de öz ynsan güýjüňiz bilen kämil boljak bolýaňyzmy? Eýsem siz şeýle akmakmy?!


Hudaý size Öz Ruhuny berip, araňyzda köp gudratlary görkezdi. Ol bulary Mukaddes Kanuny berjaý edeniňiz üçin däl-de, Hoş Habary eşidip, oňa ynanandygyňyz üçin etdi.


Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady.


Edil ysraýyl halkyna wagyz edilişi ýaly, Hoş Habar bize-de wagyz edildi. Olaryň eşiden habarynyň olara hiç bir peýdasy bolmady, sebäbi olar muny iman bilen kabul etmediler.


Kim öň bir gezek Hudaýdan nurlanyp, gögüň peşgeşini alandan soňam, şeýle hem Mukaddes Ruha şärik bolup, Hudaýyň Hoş Habarynyň ýagşylygyny dadyp, geljekki döwrüň gudratyny görenden soňam, Hudaýdan ýüz öwrüp, ýoldan çyksa, ony täzeden toba getirmek asla mümkin däl. Sebäbi ol adam Hudaýyň Ogluny gaýtadan haça çüýläp, ile ryswa edýändir.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan