Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 3:18 - Mukaddes Kitap

18 Miras kanun boýunça däl-de, wada boýunça berilýändir. Hudaý bu mirasy Ybraýyma peşgeş berdi. Çünki Hudaý oňa wada beripdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Мирас канун боюнча дәл-де, вада боюнча берилйәндир. Худай бу мирасы Ыбрайыма пешгеш берди. Чүнки Худай оңа вада берипди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 3:18
14 Iomraidhean Croise  

Duşmanlary olara jebir çekdirdi, olary güýç bilen boýun egdirdi.


Şeýlelikde, perzentleri bolan bolsak, onda mirasdüşeridiris. Hudaýyň mirasdüşerleri bolýan bolsak, onda Isa Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys. Biz Isa Mesihiň gören görgülerine şärik bolýan bolsak, onda Onuň şan-şöhratyna hem şärik bolarys.


Men Hudaýyň merhemetini inkär etmeýärin. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly aklanyp bolýan bolsady, onda Mesihiň ölümi biderek bolardy».


Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr.


Mukaddes Kanuny berjaý etmek bolsa imana bagly däldir. Emma «ony berjaý edýän adam aman galar».


Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşdy. Ol bu ähti berjaý etjekdigi barada Ybraýyma we onuň nesline wada berdi. Mukaddes Ýazgylarda «seniň nesilleriňe» diýip köpçülik barada däl-de, «seniň hut öz nesliňe» diýip, ýeke-täk Biri barada wada berlendir. Bu hem Isa Mesihdir.


Siziň baryňyz Isa Mesihe degişli bolup, Oňa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň perzentlerisiňiz.


Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan