Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 3:15 - Mukaddes Kitap

15 Eý, doganlar! Men gündelik durmuşdan bir mysal getireýin: ynsanlaryň özara ylalaşyp baglaşan ähtini hiç kim bozup-da, oňa zat goşup-da bilmeýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Эй, доганлар! Мен гүнделик дурмушдан бир мысал гетирейин: ынсанларың өзара ылалашып баглашан әхтини хич ким бозуп-да, оңа зат гошуп-да билмейәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 3:15
10 Iomraidhean Croise  

Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Eý, doganlar, şuny bilmegiňizi isleýärin: men beýleki milletleriň arasynda bolşy ýaly, siziň hem araňyzdaky hyzmatymyň hasylyny göresim geldi. Şoňa görä-de, ýanyňyza barjak bolup, telim gezek synanyşdym. Emma şu wagta çenli ýanyňyza baryp bilmedim.


Ýöne biziň bütin nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny has äşgär edýän bolsa, muňa näme diýeris? Käbir ynsanlaryň şeýle diýip soramagy mümkin: eýsem Hudaý Öz gazabyny başymyzdan inderende, biz babatda adalatsyzlyk edýärmikä?


Siziň ynsan ejizligiňizi nazara alyp, size sada sözler bilen aýdýaryn: siz ozal beden agzalaryňyzy haramlyga we gitdigisaýy artýan bikanunlyga tabşyrypdyňyz. Indi bolsa beden agzalaryňyzy halal ýaşaýşa eltýän dogrulyga tabşyryň.


Eger-de meniň delillerim diňe ynsan delilleri bolan bolsa, men heý-de Efesdäki wagşy haýwanlar bilen göreşermidim? Mundan näme peýda gazanardym? Eger merhumlar direlmeýän bolsalar, «geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris!»


Eý, doganlarym! Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun. Omyn!


Hudaý Ybraýyma wada berende, Özünden beýik hiç kimiň ýokdugy üçin, Öz adyndan kasam etdi.


Adamlar özünden beýik biriniň adyndan kasam edýärler. Kasam aýdylan zady tassyklap, ähli jedelleri çözýär.


Sebäbi wesýetnama diňe wesýetçiniň ölüminden soňra güýje girýändir. Wesýetçi dirikä, wesýetnamanyň asla güýji ýokdur.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan