Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 3:11 - Mukaddes Kitap

11 Hudaýyň huzurynda hiç kim Mukaddes Kanun arkaly aklanyp bilýän däldir. Bu mese-mälim zat, sebäbi «dogruçyl iman arkaly ýaşar» diýip ýazylgydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Худайың хузурында хич ким Мукаддес Канун аркалы акланып билйән дәлдир. Бу месе-мәлим зат, себәби «догручыл иман аркалы яшар» дийип язылгыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 3:11
20 Iomraidhean Croise  

Olar Saňa garşy günä etseler, – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse,


Hudaýyň güýji ýaly güýjüň barmy? Onuňky ýaly güňleç sesiň barmy?


Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».


Hudaý bilen jedelleşmek islän, Onuň müňden bir sowalyna-da jogap berip bilmez.


Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.


Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.


Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.


Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».


Haram adam deý bolduk ählimiz, ähli dogry işlerimiz haram esgi deý. Solýarys biz ýaprak deý, ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.


Sered-ä olaryň tekepbirligine! Olaryň niýeti betpäl, emma dogruçyl iman bilen ýaşar».


Hoş Habar Hudaýyň adamlary aklaýandygyny aýan edýär. Ol iman edýänleri, hawa, diňe iman edýänleri aklaýar. Çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Dogruçyl iman bilen ýaşar» diýip ýazylgydyr.


Adam Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, diňe Isa Mesihe bolan imany arkaly aklanýandyr. Muny hatda biz hem bilýäris. Şoňa görä-de, biz Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, Isa Mesihe bolan imanymyz arkaly aklanmak üçin, Oňa iman etdik. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly hiç kim aklanýan däldir.


Meniň dogruçyl halkym iman bilen ýaşar, eger imandan dänse, ondan razy bolmaryn».


Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.


Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan