Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 2:9 - Mukaddes Kitap

9 maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 маңа мерхемет берлендигине гөз етирдилер. Онсоң йыгнагың диреглери хасапланян Якуп, Петрус ве Ёханна дагы маңа ве Барнаба доганлыгың нышаны хөкмүнде эллерини узатдылар. Мен Барнап билен яхуды дәллериң арасына, олар хем яхудыларың арасына гитмели дийип, өзара ылалашдык.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 2:9
32 Iomraidhean Croise  

Ýehu ol ýerden gaýdyp, özüni garşylamaga gelýän Rekabyň ogly Ýonadaba sataşdy. Ýehu oňa salam berip, ondan: «Meniň ýüregimiň seniňki bilen bir bolşy ýaly, seniň ýüregiň-de meniňki bilen birmi?» diýip sorady. Ýonadap hem: «Birdir» diýip jogap berdi. Ýehu: «Eger şeýle bolsa, onda eliňi uzat» diýdi. Ýonadap Ýehuwa tarap elini uzatdy. Ýehu ony araba mündürdi.


Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.


Isa: «Gidiň-de, biziň üçin Pesah naharyny taýýarlaň» diýip, Petrus bilen Ýohannany iberdi.


Ol doganyny Isanyň ýanyna getirdi. Isa Simuna seredip: «Sen Ýohannanyň ogly Simunsyň, ýöne sen Kepas diýlip atlandyrylarsyň» diýdi. (Kepas Petrus diýlip terjime edilýär).


Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.


Olar gürrüňlerini gutarandan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň!


Ýygnakda gürrüň uzaga çekensoň, Petrus ýerinden turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Özüňiz bilýänsiňiz, keseki milletlere Hoş Habary wagyz etmegim üçin, ençeme wagt mundan öň Hudaý araňyzdan meni saýlady. Ol muny milletleriň Hoş Habary eşidip, iman etmegi üçin şeýle etdi.


Imanlylaryň arasynda lewilerden bolan Ýusup atly bir adam bardy. Onuň asly Kiprdendi. Resullar oňa Barnap, ýagny «Ruhlandyryjy» diýip at goýupdylar.


Hudaý maňa Isa Mesih arkaly merhemet berip, resullyga saýlady. Ol muny ähli milletleriň Hudaýa iman getirip, Oňa tabyn bolmagy, Isa Mesihiň adynyň şöhratlanmagy üçin etdi.


Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.


Ýöne şonda-da, size käbir zatlary ýatlatmak üçin, şu hatymyň kä ýerini batyrgaýlyk bilen ýazdym. Çünki Hudaý maňa merhemet edip,


Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.


Ýöne men siziň şol «beýik resullaryňyzdan» asla kem däldirin!


Men magtanyp, bir akmak ýaly boldum. Ýöne meni muňa siz mejbur etdiňiz-ä! Aslynda meni siz magtamalydyňyz. Men hiç bolaýamda-da, özlerini beýik saýýan şol resullardan pes däl ahyryn.


Olar Hudaýyň Iýerusalimdäki halkyna edilýän hyzmata özleriniň hem şärik edilmegini sorap, bize ýalbardylar.


Şondan üç ýyl soň Petrus bilen tanyşmak üçin Iýerusalime gidip, onuňkyda birki hepde boldum.


Men on dört ýyldan Barnap bilen ýene-de Iýerusalime gitdim. Bu gezek biziň bilen Titus-da gitdi.


Meni ol ýere Rebbiň ylhamy alyp bardy. Iýerusalimdäki ýygnaklaryň ýolbaşçylary bilen aýratyn duşuşyp, olara keseki milletlere wagyz edýän Hoş Habarymy beýan etdim. Men muny öňki-soňky edenlerimiň bary puja çykaýmasyn diýip etdim.


Emma kimdir biri hiç bolup-da, özüne nämedirin öýtse, ol özüni aldaýandyr.


Siz berk binýadyň üstünde bina edilensiňiz. Bu binýat resullar we pygamberlerdir. Onuň burç daşy bolsa Isa Mesihiň Özüdir.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Şu maksat bilen janymy aýaman zähmet çekýärin, Mesihiň özüme täsir edýän gudratly güýjüne daýanýaryn.


Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň.


Hawa, siziň-de biziň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşamagyňyz üçin, görüp-eşidenlerimizi size mälim edýäris. Biziň özümiziň hem Atamyz we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr.


Ýamanlykdan üstün geleni Hudaýymyň ybadathanasynyň diregi ederin. Ol şol ýerde baky galar. Men onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny we Hudaýymyň şäheriniň adyny ýazaryn. Bu şäher gökden, Hudaýymyň huzuryndan inýän täze Iýerusalimdir. Men onuň maňlaýyna Öz adymy hem ýazaryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan