Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 2:8 - Mukaddes Kitap

8 Olar ýahudylara resullyk etmäge Petrusy bellän Hudaýyň meni-de ýahudy dällere resullyk etmäge belländigine,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Олар яхудылара ресуллык этмәге Петрусы беллән Худайың мени-де яхуды дәллере ресуллык этмәге белләндигине,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 2:8
23 Iomraidhean Croise  

sebäbi Ýudas etmeli hyzmatyny taşlap, özüne degişli ýere gitdi» diýdiler.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Onsoň hemmeler dymyp, Pawlus bilen Barnaby diňlediler. Olar Hudaýyň özleri arkaly keseki milletlere görkezen beýik alamatlaryny we mugjyzalaryny gürrüň berdiler.


Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz.


Pawlus olar bilen salamlaşandan soň, öz hyzmaty arkaly Hudaýyň keseki milletleriň arasynda eden işlerini birin-birin gürrüň berdi.


Rebbim Isa maňa: „Bar, Men seni uzakdaky keseki milletleriň ýanyna iberýärin“ diýdi».


Emma bu gürrüňleri diňlänleriň ençemesi Isa iman etdi. Şonda iman eden erkekleriň sany bäş müňe ýetdi.


Soňra Petrus bilen Ýohanna ellerini olaryň üstüne goýdular we olar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler.


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.


Başgalar meni resul hasaplamasalar-da, men siziň üçin resuldyryn! Çünki siz Reb ýolundaky resullygymyň möhürisiňiz.


Hudaý size Öz Ruhuny berip, araňyzda köp gudratlary görkezdi. Ol bulary Mukaddes Kanuny berjaý edeniňiz üçin däl-de, Hoş Habary eşidip, oňa ynanandygyňyz üçin etdi.


Şu maksat bilen janymy aýaman zähmet çekýärin, Mesihiň özüme täsir edýän gudratly güýjüne daýanýaryn.


Siz Hudaýyň Hoş Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl, eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir edýän-de bu Habardyr. Şoňa görä-de, biz siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükürler edýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan