Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 2:21 - Mukaddes Kitap

21 Men Hudaýyň merhemetini inkär etmeýärin. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly aklanyp bolýan bolsady, onda Mesihiň ölümi biderek bolardy».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Мен Худайың мерхеметини инкәр этмейәрин. Чүнки Мукаддес Кануны берҗай этмек аркалы акланып болян болсады, онда Месихиң өлүми бидерек боларды».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 2:21
16 Iomraidhean Croise  

Rebden gorkuň, eý, Onuň mukaddesleri, Ondan gorkýanlaryň ýok mätäçligi.


Onsoň men: «Biderek zähmet çekdim, biderek, bihuda sarp etdim güýjümi; ýöne hakym Reb bilendir, sylagym Hudaýym bilendir».


Nädip siz muny aýdyp bilýäňiz: „Biz akylly, Rebbiň kanuny bizdedir“? Hakykatda, bu kanuny ýalana öwren hilegär kanunçylaryň galamydyr.


Isa ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, siz Hudaýyň buýruklaryndan ýüz döndermegiň oňat ýoluny tapypsyňyz!


Olar Hudaýyň dogrulygyna düşünmediler. Şonuň üçin-de, Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanjak bolup, Hudaýyň dogrulygyna tabyn bolmadylar.


Merhemete görä saýlanan bolsalar, onda ynsan işlerine görä saýlanan däldir. Ýogsa merhemet merhemet bolmazdy.


Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyrylyp, Hudaýyň nazarynda aklanylmagymyz üçin direldildi.


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Eger Mesih direlmedik bolsa, onda biziň wagzymyz-da, siziň imanyňyz-da biderekdir.


Eger Isa Mesih direlmedik bolsa, onda siziň iman getirmegiňiz hem puçdur: siz öňkiňiz ýaly günäleriňiziň içindesiňiz.


Size wagyz eden Hoş Habarymy gaýym tutsaňyz, ol arkaly halas bolarsyňyz. Tutmasaňyz, biderek ýere iman etdigiňiz bolar.


Adam Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, diňe Isa Mesihe bolan imany arkaly aklanýandyr. Muny hatda biz hem bilýäris. Şoňa görä-de, biz Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, Isa Mesihe bolan imanymyz arkaly aklanmak üçin, Oňa iman etdik. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly hiç kim aklanýan däldir.


Men kanunçylyk binasyny ýykdym. Indi ony gaýtadan dikeltsem, onda kanuny bozýandygymy özüm tassyklaýaryn.


Diýmek, Mukaddes Kanun Hudaýyň wadasyna garşy çykýar-da?! Elbetde, ýok! Ýöne Kanun bize ýaşaýyş berip bilmeýär ahyryn. Muňa görä, ol arkaly dogrulygy-da gazanyp bilmeýäris.


Şeýlelikde, eger kämillige lewi ruhanylygy arkaly ýetilýän bolsa, onda başga bir ruhanynyň gelmegi nämä gerekdi? Mukaddes Kanuna görä, lewi tiresi ruhanylyk etmelidi, emma bu ruhanylyk arkaly hiç kim kämil bolup bilmeýärdi. Şonuň üçin hem Harun ýaly däl-de, Mäliksadyk ýaly ruhanynyň gelmegi gerekdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan