Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 2:19 - Mukaddes Kitap

19 Mukaddes Kanunyň özi meni ölüme höküm etdi. Şoňa görä-de, men Mukaddes Kanun üçin öli bolup, indi onuň gözegçiliginde däldirin. Men indi Hudaý üçin ýaşaýandyryn. Men Mesih bilen haça çüýlendim:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Мукаддес Кануның өзи мени өлүме хөкүм этди. Шоңа гөрә-де, мен Мукаддес Канун үчин өли болуп, инди онуң гөзегчилигинде дәлдирин. Мен инди Худай үчин яшаяндырын. Мен Месих билен хача чүйлендим:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 2:19
28 Iomraidhean Croise  

Sebäbi bu Kanunyň bozulmagy Hudaýy gazaplandyrýar. Emma Kanunyň bolmadyk ýerinde Kanuny bozmaklyk-da ýokdur.


Günäniň mese-mälim bolmagy üçin, Kanun ara girdi. Ýöne adamlar günäni köpden-köp etdigisaýy, Hudaýyň merhemeti has-da artdy.


Şoňa görä-de, siz hem özüňizi günä üçin öli, Isa Mesih bilen birigendigiňiz sebäpli Hudaý üçin diri saýyň.


Şonda günä size öz hökümini ýöretmez, sebäbi siz Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýaryndasyňyz.


Elbetde, ýok! Biz günä babatda öldük ahyryn. Onsoň neneň edip günä içinde ýaşap bileris?


Biz Musanyň Kanunynyň Hudaý tarapyndan berlendigini bilýäris. Men bolsa günäniň ýesirligindäki bir ejiz ynsandyryn.


Eý, doganlarym, siz babatda hem şeýledir. Siz Isa Mesihiň haçdaky ölümi arkaly Musanyň Kanuny üçin ölüsiňiz. Hudaýa ýagşy işleriňiziň hasylyny getirer ýaly, siz indi başga Birine, ýagny ölümden direlen Isa Mesihe degişlisiňiz.


Sebäbi ýaşaýyş berýän Mukaddes Ruh meni Isa Mesih arkaly günäniň we ölümiň ygtyýaryndan azat etdi.


Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.


Ýahudylary gazanjak bolup, olar üçin ýahudy boldum. Men Mukaddes Kanunyň guly bolmasam-da, Mukaddes Kanuna görä ýaşaýanlary gazanjak bolup, Mukaddes Kanunyň guly boldum.


Hawa, Isa Mesih hemmeleriň ugrunda öldi. Ol muny ýaşaýanlar indi özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen Mesih üçin ýaşasynlar diýip etdi.


indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.


Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr.


Şunlukda, biz iman arkaly aklanyp biler ýaly, Mukaddes Kanun Mesih gelýänçä, biziň terbiýeçimiz boldy.


Men bolsa Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga zat babatda asla magtanasym gelmeýär. Şu haç arkaly men bu dünýä üçin, bu dünýä-de meniň üçin ölüdir.


Siz Mesih bilen ölüp, bu pany dünýäniň ýörelgelerinden azat bolduňyz. Onda näme üçin henizem bu dünýä degişli ýaly, «Muňa galtaşma», «Muny iýme», «Muňa el degirme» diýen ynsan kadalaryna eýerýärsiňiz?


Çünki siz ölensiňiz, durmuşyňyz bolsa Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir.


Isa Mesih biziň üçin öldi. Ol muny biz ýaşasak-da, ölsek-de, Onuň bilen ýaşap bilmegimiz üçin etdi.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Şonuň üçin hem Hoş Habar hatda ölülere-de wagyz edildi. Olar hem ähli ynsanlar ýaly durmuşynda eden işleri üçin höküm edilen bolsalar-da, Hudaýyň Ruhy arkaly ýaşap bilerler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan