Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 2:13 - Mukaddes Kitap

13 Onuň bilen birlikde beýleki ýahudylar hem ikiýüzlülige ýüz urdular, hatda Barnap hem olaryň ikiýüzlüliginden ýaňa dogry ýoldan azaşdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Онуң билен бирликде бейлеки яхудылар хем икийүзлүлиге йүз урдулар, хатда Барнап хем оларың икийүзлүлигинден яңа догры ёлдан азашды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 2:13
17 Iomraidhean Croise  

Soňra Yshak ondan: «Sen, hakykatdan-da, meniň oglum Ysawmy?» diýip sorady. Ýakup: «Hawa, men şol» diýip jogap berdi.


Üstesine-de, men kime hyzmat etmeli? Onuň ogluna dälmi? Kakaňa nähili hyzmat eden bolsam, saňa-da şonuň ýaly hyzmat ederin» diýdi.


Ýüregiň nämä möwç alýar? Gözleriňden näme üçin ot syçraýar?


Öli siňekleriň atyrçynyň ýagyny porsadyp zaýalaýşy ýaly, azajyk akmaklyk-da akyldarlygy we hormaty haraplaýandyr.


Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.


Siz hem daşyňyzdan adamlara dogry adam ýaly görünýärsiňiz, emma içiňiz ikiýüzlülikden we pislikden doludyr.


Imanlylaryň arasynda lewilerden bolan Ýusup atly bir adam bardy. Onuň asly Kiprdendi. Resullar oňa Barnap, ýagny «Ruhlandyryjy» diýip at goýupdylar.


Ýadyňyzdamy, siz butparazkaňyz, dilsiz-agyzsyz butlaryň täsirine düşüp, olara eýerýärdiňiz.


Aldanmaň! Ýaramaz ýaranlar ýagşy häsiýetlini hem azdyrýandyr.


Siziň buýsanmagyňyz ýerlikli däldir. Eýsem siz ujypsyzja hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadýandygyny bilmeýärsiňizmi?


Öz azatlygyňyza seresaply çemeleşiň. Siziň azatlygyňyz ynsaby ejiz bolan doganlaryň büdremegine sebäp bolmasyn!


Men on dört ýyldan Barnap bilen ýene-de Iýerusalime gitdim. Bu gezek biziň bilen Titus-da gitdi.


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan