Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 2:1 - Mukaddes Kitap

1 Men on dört ýyldan Barnap bilen ýene-de Iýerusalime gitdim. Bu gezek biziň bilen Titus-da gitdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Мен он дөрт йылдан Барнап билен ене-де Иерусалиме гитдим. Бу гезек бизиң билен Титус-да гитди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 2:1
20 Iomraidhean Croise  

Onsoň Barnap Şawuly gözläp, Tarsusa gitdi.


Olar şeýle hem etdiler, puly Barnap we Şawul arkaly ýygnak ýolbaşçylaryna iberdiler.


Barnap bilen Şawul hem özlerine tabşyrylan hyzmaty ýerine ýetirip, Iýerusalimden yzyna dolandylar. Olar özleri bilen bile Marky hem alyp gaýtdylar. Markyň beýleki ady Ýohannady.


Bular Rebbe ybadat edip, agyz bekleýärkäler, Mukaddes Ruh: «Barnap bilen Şawuly Maňa bagyş ediň, goý, olar Meniň tabşyran işimi berjaý etsinler» diýdi.


Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Barnaby Zews, Pawlusy bolsa, esasy söz sözleýänçidigi üçin Hermes diýip atlandyrdylar.


Şonuň üçin hem aramyzdan birnäçe adamy saýlap, olary eziz dostlarymyz Barnap we Pawlus bilen bile siziň ýanyňyza ýollamagy bir agyzdan karar etdik.


Ýa-da men bilen Barnabyň imanlylardan maddy kömegini almaga hakymyz ýokmy?


Muňa garamazdan, köňlüm rahat däldi, sebäbi men ol ýerde doganym Titusy tapmadym. Şonuň üçin-de, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ugradym.


Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy.


Titus babatda şuny aýtmakçy: ol meniň ýoldaşym we siziň araňyzdaky hyzmatdaşymdyr. Iberen doganlarymyz bolsa ýygnaklaryň wekilleri we Isa Mesihiň şöhratydyr.


Şondan üç ýyl soň Petrus bilen tanyşmak üçin Iýerusalime gidip, onuňkyda birki hepde boldum.


Onuň bilen birlikde beýleki ýahudylar hem ikiýüzlülige ýüz urdular, hatda Barnap hem olaryň ikiýüzlüliginden ýaňa dogry ýoldan azaşdy.


Olar bolsa ýanymdaky Titusy, hatda onuň grekdigine-de garamazdan, ony sünnetlenmäge mejbur etmediler.


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Meniň bilen tussaglykda bolýan ýoldaşym Aristarh bilen Barnabyň ýegeni Mark hem size salam ýollaýar. Mark baradaky buýruklary alansyňyz. Ýanyňyza barsa, ony kabul ediň.


Eý, Titus, imanymyzyň bir bolandygy üçin, men seni hakyky oglum saýýaryn. Goý, Atamyz Hudaýyň we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy saňa ýar bolsun!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan