Галатялылар 1:4 - Mukaddes Kitap4 Atamyz Hudaýyň yradasyna görä, Rebbimiz Isa bizi şu azgyn döwürden halas etmekçi bolup, günälerimiz üçin Özüni gurban etdi. Faic an caibideilМукаддес Китап4 Атамыз Худайың ырадасына гөрә, Реббимиз Иса бизи шу азгын дөвүрден халас этмекчи болуп, гүнәлеримиз үчин Өзүни гурбан этди. Faic an caibideil |
Musanyň Kanuny ynsan höweslerimiziň hötdesinden gelip bilmänsoň, bizi halas edip bilmedi. Kanunyň başarmadyk işini Hudaý amala aşyrdy. Hudaý dünýädäki günä sebäpli Öz Ogluny bir günäkär ynsan kimin iberdi-de, Ol arkaly günäni höküm etdi. Hudaý muny Kanunyň adalatly talaplarynyň bizde berjaý bolmagy üçin amal etdi. Şunlukda, biz indi ynsan höweslerimize görä däl-de, Mukaddes Ruha görä ýaşaýarys.
Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!