Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 1:24 - Mukaddes Kitap

24 Olar Hudaýyň meni özgerdenini görüp, Ony şöhratlandyrdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24 Олар Худайың мени өзгерденини гөрүп, Оны шөхратландырдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 1:24
13 Iomraidhean Croise  

Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez, Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur. Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda: „Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler.


Muny gören mähelläni gorky gaplap aldy. Olar ynsanlara şeýle ygtyýary beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Ol hem ýerinden turdy-da, dessine düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Hemmeler haýran galdy. Olar: «Biz beýle zady asla görmändik» diýşip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Men size şuny aýdýaryn: toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».


Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýip jogap berýär».


«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.


Hemmeleri gorky basdy. Olar: «Aramyzda beýik bir pygamber peýda boldy!», «Hudaý Öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Doganlar bu sözleri eşidenlerinden soňra köşeşdiler. Hudaýy şöhratlandyryp: «Hudaý hatda keseki milletlere-de toba edip, baky ýaşaýşa gowuşmaklygy beripdir» diýişdiler.


Siziň bu hemaýatyňyz Isa Mesih baradaky Hoş Habara sadykdygyňyzy subut edýär. Siz elde baryňyzy olara we beýleki imanlylara sahylyk bilen eçilýärsiňiz. Ine, şularyň bary üçin Hudaýyň halky Ony şöhratlandyrar.


Rebbiň saýlap-seçenleri bolsa Onuň geljek şol gününde Rebbi şöhratlandyrarlar. Iman edenleriň ählisi Rebbi beýgelderler. Bulara siz hem degişlisiňiz, sebäbi siz özüňize edilen şaýatlyklara ynandyňyz.


Biz Hudaýymyzyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetine görä, siziň Rebbi şöhratlandyrmagyňyz üçin, Onuň-da sizi şöhratlandyrmagy üçin şu doga-dilegleri edýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan