Bütin Ýahudyýadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklarda parahatlyk höküm sürüp, imanlylar barha güýçlenýärdi. Olar Rebden gorkup, Mukaddes Ruhuň ýardamy bilen günsaýyn köpelýärdi.
Meniň bilen tussaglykda bolan tiredeşlerim Andronik bilen Ýuniýa salam aýdyň. Olar resullaryň arasynda at-abraý gazanyp, Mesihe menden öň iman edipdiler.
Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.
Ýöne her nähili bolsa-da, her kes Rebbiň oňa belleýşi ýaly, Hudaý ony haýsy halda çagyran bolsa, şoňa görä-de ýaşasyn. Men muny hemme ýygnaklara buýurýaryn.
Isa Mesihiň gullary bolan men Pawlusdan we Timoteosdan Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolan filipilileriň baryna, şol sanda ýygnak ýolbaşçylaryna we hyzmatçylaryna dogaýy salam!
Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam! Goý, merhemet bilen parahatlyk size ýar bolsun!
Eý, doganlar! Siz Hudaýyň Ýahudyýa ýurdundaky ýygnaklarynyň, ýagny Isa Mesihiň jemagatynyň göreldesine eýerdiňiz. Şoňa görä-de, bu ýygnaklaryň ýahudylardan çeken jebirlerini siz hem öz ildeşleriňizden çekmeli bolduňyz.