Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 1:21 - Mukaddes Kitap

21 Soňra men Siriýa we Kilikiýa sebitlerine gitdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Соңра мен Сирия ве Киликия себитлерине гитдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 1:21
12 Iomraidhean Croise  

Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.


Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.


Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.


Olar Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary berkitdiler.


Pawlus Korintosda ýene ençeme günläp galdy. Soňra doganlar bilen hoşlaşyp, gämide Siriýa gitdi. Priskilla bilen Akila hem onuň bilen gitdiler. Pawlus Hudaýa eden wadasyny saklap, Kenhreýa tarap ýola düşmezden öň, saçyny syrdyrdy.


Kipre golaýlanymyzda, onuň günortasyndan geçip, Siriýa tarap ýüzdük. Soňra Sura baryp ýetdik, sebäbi gämi şol ýerde ýüküni düşürmelidi.


Pawlus: «Men ýahudy, Kilikiýanyň Tarsus şäherinden, şol meşhur şäheriň raýatydyryn. Maňa halka söz sözlemäge ygtyýar bermegiňi haýyş edýärin» diýdi.


«Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym.


Häkim haty okap, Pawlusyň haýsy welaýatdandygyny sorady. Pawlusyň Kilikiýadandygyny bilende bolsa:


Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.


Doganlar muny bilenlerinde, ony Kaýsariýa getirip, Tarsusa tarap ýola saldylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan