Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 1:19 - Mukaddes Kitap

19 Şonda men ol ýerde Rebbimiz Isanyň inisi Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Шонда мен ол ерде Реббимиз Исаның иниси Якупдан башга ресулларың хич бирини гөрмедим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 1:19
12 Iomraidhean Croise  

Isa halka gürrüň berip durka, ejesi bilen inileri geldi. Olar Isa bilen gepleşjek bolup, daşarda garaşyp durdular.


Ol agaç ussanyň ogly dälmi? Ejesiniň ady hem Merýem dälmi näme? Ol Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dagyň dogany ahyryn!


onsoň Andrys, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun


Ol Merýemiň neçjar ogly dälmi? Ýogsa-da Ol Ýakup, Ýose, Ýahuda we Simun dagyň dogany dälmi näme? Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşaýarlar ahyry!» diýşip, Isanyň bolşundan nägile boldular.


Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň Seni görmek üçin daşarda garaşyp durlar» diýip habar berdiler.


Şähere girenlerinden soň, olar öz bolýan öýleriniň ýokarky gatyndaky otagyna çykdylar. Petrus, Ýohanna, Ýakup, Andrys, Filip, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubyň ogly Ýudas dagy hem şol ýerdediler.


Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.


Imanly bolsa, aýalymyzy ýanymyz bilen äkitmäge hakymyz ýokmy? Petrus we beýleki resullar, Rebbimiz Isanyň inileri hem hut şeýle edýär ahyry.


Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!


Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan