Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Галатялылар 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Şunlukda, men kimiň göwnünden turmakçy bolýaryn: adamlaryňmy ýa-da Hudaýyň? Eýsem men adamlara ýaranjak bolýarynmy? Eger men adamlara ýaranmakçy bolsadym, onda Mesihiň hyzmatçysy bolmazdym.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Шунлукда, мен кимиң гөвнүнден турмакчы болярын: адамларыңмы я-да Худайың? Эйсем мен адамлара яранҗак болярынмы? Эгер мен адамлара яранмакчы болсадым, онда Месихиң хызматчысы болмаздым.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Галатялылар 1:10
20 Iomraidhean Croise  

Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar Isadan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň.


Bu habar häkimiň gulagyna baryp ýetse, ony ynandyryp, biz sizi aladadan dyndararys» diýdiler.


Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.


Hirod Sur we Sidon halkyna gaty gazaplanýardy. Olar hem birleşip, Hirodyň ýanyna geldiler-de, patyşanyň baş hyzmatkäri Blastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy.


Petrus bilen resullar olara şeýle jogap berdiler: «Ynsana däl-de, Hudaýa boýun bolmak has möhümdir.


Isa Mesihiň guly we resullyga çagyrylyp, Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etmäge saýlanan men Pawlusdan dogaýy salam!


Ýok, köňli ýahudy bolan adam hakyky ýahudydyr. Kanuna görä däl-de, Mukaddes Ruha görä bolan sünnet hakyky sünnetdir. Hakyky ýahudynyň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.


Şahsy bähbidini araýanlar, hakykaty ret edip, ýamanlyga eýerýänler bolsa gahar-gazaba duçar bolarlar.


Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.


Hä, siz heniz-de özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýäňizmi? Ýok, biz Mesihe degişli bolup, Hudaýyň huzurynda size şuny aýdýarys: eý, söýgüli doganlar, biziň ähli edýänlerimiz imanyňyzy güýçlendirmek üçindir.


Muny diňe olaryň öňünde merhemet gazanmak üçin däl-de, eýsem Mesihiň guly hökmünde Hudaýyň yradasyny ak ýürekden ýerine ýetirmek üçin ediň.


Isa Mesihiň gullary bolan men Pawlusdan we Timoteosdan Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolan filipilileriň baryna, şol sanda ýygnak ýolbaşçylaryna we hyzmatçylaryna dogaýy salam!


Eý, gullar, ähli zatda ýerdäki hojaýynyňyza boýun egiň. Muny ynsanlara gowy görünmek üçin, göze ýakymly işler bilen däl-de, Rebden gorkmak bilen çyn ýürekden ýerine ýetiriň.


Hudaý bizi mynasyp saýyp, Hoş Habary ýaýratmagy bize ynandy. Şonuň üçin-de, biz adamlaryň däl, eýsem ýürekleri synaýan Hudaýyň göwnünden turjak bolup gürleýäris.


Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.


Hudaýyň perzendi günä etmegini dowam etmez, sebäbi oňa Hudaýyň ýaşaýyş berýän güýji ornandyr. Indi günä etmez, sebäbi ol Hudaýyň perzendidir.


Şawulyň çopanlarynyň başlygy edomly Döweg hem bu gün şol ýerdedi. Ol Rebbiň huzurynda dini dessurlary berjaý edýärdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan