Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 9:4 - Mukaddes Kitap

4 Mordekaýyň köşkdäki mertebesi, at-abraýy günsaýyn artyp, şöhraty ähli welaýatlara doldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Мордекайың көшкдәки мертебеси, ат-абрайы гүнсайын артып, шөхраты әхли велаятлара долды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 9:4
14 Iomraidhean Croise  

Şawulyň adamlary bilen Dawudyň adamlarynyň arasyndaky uruş uzaga çekdi. Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, Şawulyňkylar bolsa barha ejizleýärdiler.


Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, çünki Hökmürowan Reb onuň bilendi.


Dawudyň at-abraýy bütin ýurtlara ýaýrady we Reb ähli milletleri ondan gorkar ýaly etdi.


Patyşanyň ähli güýç-kuwwaty, Mordekaýy hormatlap, onuň wezipesini beýgeldendigi hakyndaky ähli wakalar Madaý we Pars patyşalarynyň ýyl ýazgylaryna ýazylandyr.


Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar.


Reb müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Mundan başga-da, Müsür topragynda, faraonyň emeldarlarynyň we halkynyň öňünde Musa beýik adam bolupdy.


Ýöne dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy ýalydyr, gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Şol gün golaýlaşýar, Men size sütem edenleriň baryna jeza bererin. Agsaklary halas edip, dagynyk ýesirleri bir ýere toplaryn. Olaryň utanjyny uly hormata öwrüp, olary bütin dünýäde at-abraýly ederin.


Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan