Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 9:3 - Mukaddes Kitap

3 Welaýatlaryň ähli han-begleri, hökümdarlary, häkimleri hem-de patyşanyň iş dolandyryjylary Mordekaýdan gorkularyna ýahudylara ýardam etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Велаятларың әхли хан-беглери, хөкүмдарлары, хәкимлери хем-де патышаның иш доландырыҗылары Мордекайдан горкуларына яхудылара ярдам этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 9:3
9 Iomraidhean Croise  

Olar Zerubabyl, Ýeşuwa, Nehemýa; Seraýa, Regelaýa, Mordekaý, Bilşan, Mispar, Bigwaý, Rehum we Bagana dagynyň ýolbaşçylygynda geldiler. Ýesirlikden gaýdyp gelen Ysraýyl halkynyň erkek adamlarynyň sanawy şulardyr:


Patyşanyň permanlaryny bolsa onuň hökümdarlaryna, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimlerine ýetirdiler. Olar halka we Hudaýyň öýüne kömek etdiler.


Birinji aýyň on üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Hamanyň tabşyrygy boýunça patyşanyň ähli welaýatlardaky hökümdarlaryna we häkimlerine, bütin halkyň beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde perman ýazyldy. Perman patyşanyň adyndan ýazylyp, onuň ýüzügi bilen möhürlenildi.


Her welaýatda, her şäherde, patyşanyň tabşyrygynyň, permanynyň gowşan ähli ýerinde ýahudylar şatlanyp, begenip, toý-meýlis, baýram etdiler. Ýahudylardan gorkularyna ýurduň halklarynyň köpüsi ýahudylara goşuldylar.


Ester hem ýerinden turup, patyşanyň huzurynda durdy. Ol şeýle diýdi: «Eger patyşanyň göwnüne ýarasa, eger men patyşanyň nazarynda merhemet gazanan bolsam, bu işi patyşa oňlasa, eger men onuň göwnünden turan bolsam, goý, onda perman ýazylsyn. Şol permanda agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň patyşanyň ähli welaýatlaryndaky ýahudylary ýok etmek üçin hilegärlik bilen ýazan hatlary ýatyrylýar diýip ýazylsyn.


Üçünji aý bolan Siwan aýynyň ýigrimi üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Mordekaýyň ähli tabşyryklary boýunça ýahudylara, Hindistandan Efiopiýa çenli bolan aralykdaky ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň hökümdarlaryna, häkimlerine, beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde, şeýle hem ýahudylara öz dilinde we öz ýazuwynda perman ýazyldy.


Soňra Nebukadnesar patyşa häkimlere, serdarlara, wezirlere, geňeşçilere, hazynadarlara, kazylara, kanun gözegçilerine we welaýatyň ähli han-beglerine çapar ýollap, olara heýkeliň açylyş dabarasyna gatnaşmaklaryny buýurdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan