Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 9:17 - Mukaddes Kitap

17 Bu waka Adar aýynyň on üçüne boldy. On dördünji güni olar dynç alyp, şol gün toý-meýlis gurup şatlandylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Бу вака Адар айының он үчүне болды. Он дөрдүнҗи гүни олар дынч алып, шол гүн той-мейлис гуруп шатландылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 9:17
5 Iomraidhean Croise  

Birinji aýyň on üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Hamanyň tabşyrygy boýunça patyşanyň ähli welaýatlardaky hökümdarlaryna we häkimlerine, bütin halkyň beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde perman ýazyldy. Perman patyşanyň adyndan ýazylyp, onuň ýüzügi bilen möhürlenildi.


Üçünji aý bolan Siwan aýynyň ýigrimi üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Mordekaýyň ähli tabşyryklary boýunça ýahudylara, Hindistandan Efiopiýa çenli bolan aralykdaky ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň hökümdarlaryna, häkimlerine, beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde, şeýle hem ýahudylara öz dilinde we öz ýazuwynda perman ýazyldy.


On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne patyşanyň tabşyrygy we permany amala aşyrylmalydy. Hut şol gün ýahudylaryň duşmanlary olary ýok etmegi ýüreklerine düwüpdiler, ýöne şol gün olar däl-de, ýahudylar öz duşmanlaryndan üstün çykdylar.


Suzadaky ähli ýahudylar on üçünji hem on dördünji günleri ýygnanyşyp, on bäşinji güni toý-meýlis gurup, şatlanyp, dynç aldylar.


Her ýyl Adar aýynyň on dördünji, on bäşinji günlerini ýahudylaryň öz duşmanlaryndan halas bolan günleri hökmünde, özleri üçin gamgynlykdan şatlyga, ýasdan toýa öwrülen aý hökmünde bellemeklerini olara tabşyrdy. Şol gün olar toý-meýlis gurap, şatlanyp, biri-birlerine toý paý iberişip, garyp-gasarlara sowgatlar ibermelidiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan