Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 9:1 - Mukaddes Kitap

1 On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne patyşanyň tabşyrygy we permany amala aşyrylmalydy. Hut şol gün ýahudylaryň duşmanlary olary ýok etmegi ýüreklerine düwüpdiler, ýöne şol gün olar däl-de, ýahudylar öz duşmanlaryndan üstün çykdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Он икинҗи ай болан Адар айының он үчүне патышаның табшырыгы ве перманы амала ашырылмалыды. Хут шол гүн яхудыларың душманлары олары ёк этмеги йүреклерине дүвүпдилер, йөне шол гүн олар дәл-де, яхудылар өз душманларындан үстүн чыкдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 9:1
13 Iomraidhean Croise  

Boýun egdirýärsiň duşmanlarymy, gyrýaryn men özümi ýigrenýänleri.


On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne ýahudylaryň uludan kiçä baryny: aýallary we çagalary bir günde gyryp, bütinleý ýok edip, ähli mal-mülklerini basyp almaklyk barada ähli welaýatlara çaparlardan elin hatlar iberildi.


Kserks patyşanyň şalygynyň on ikinji ýylynyň birinji aýy bolan Nisan aýynda, şu dildüwşügiň amala aşyryljak aýyny we gününi bilmeklik üçin, olar Hamanyň öňünde pur, ýagny bije atdylar. Bije on ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne düşdi.


Muny şeýle etmek üçin Kserks patyşanyň bütin welaýatlarynda ýahudylar üçin bir gün – on ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçi güni bellenildi.


Çünki men halkymyň başyna geljek bela nädip çydaýyn? Garyndaşlarymyň ýok edilmegine nädip çydaýyn?»


Bu waka Adar aýynyň on üçüne boldy. On dördünji güni olar dynç alyp, şol gün toý-meýlis gurup şatlandylar.


Ömrüm soňlanyp barýar gam-gussa bilen; ýyllarym-da dat-perýat bilen; günäm zerarly kuwwatym gaçdy hem-de meniň süýeklerim gurady.


Şol wagt Petrus özüne gelip: «Indi, hakykatdanam, Rebbiň Öz perişdesini ýollap, meni Hirodyň elinden we ýahudy halkynyň başymdan inderjek bela-beterlerinden halas edendigine anyk göz ýetirdim» diýdi.


Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.


Milletler Saňa gaharlandylar. Indi Sen hem gazaba mündüň. Indi ölülere kazylyk etmegiň wagty geldi. Seniň gullaryň bolan pygamberleri, Öz halkyňy we Senden gorkýan uly-kiçi baryny sylaglamagyň wagty geldi. Ýeri harabalyga öwrenleri heläk etmegiň wagty geldi».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan