Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 8:9 - Mukaddes Kitap

9 Üçünji aý bolan Siwan aýynyň ýigrimi üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Mordekaýyň ähli tabşyryklary boýunça ýahudylara, Hindistandan Efiopiýa çenli bolan aralykdaky ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň hökümdarlaryna, häkimlerine, beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde, şeýle hem ýahudylara öz dilinde we öz ýazuwynda perman ýazyldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Үчүнҗи ай болан Сиван айының йигрими үчүне патышаның мүрзелери чагырылды. Мордекайың әхли табшырыклары боюнча яхудылара, Хиндистандан Эфиопия ченли болан аралыкдакы йүз йигрими еди велаятың хөкүмдарларына, хәкимлерине, беглерине, хер велаята өз язувында, хер халка өз дилинде, шейле хем яхудылара өз дилинде ве өз язувында перман язылды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 8:9
10 Iomraidhean Croise  

Onsoň Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna we Ýowa baş wezire şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, biz gullaryň bilen öz düşünýän dilimizde – arameýçe gürleş. Biziň bilen ýahudalaryň dilinde gürleşme, diwaryň üstündäki adamlar diňläp durlar».


Olar Asanyň patyşalygynyň on bäşinji ýylynyň üçünji aýynda Iýerusalime ýygnanyşdylar.


Bu waka Kserks patyşanyň döwründe bolup geçipdi. Kserks Hindistan bilen Efiopiýanyň aralygyndaky bir ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň üstünden şalyk sürýärdi.


Ol her bir erkek öz öýüne hojaýyn bolsun diýip, her halka öz dilinde yglan edip, özüniň bütin patyşalygyndaky welaýatlara hersiniň öz ýazuwynda, öz dilinde hatlar ýollady.


Kserks patyşa ýurda we deňiz adalaryna salgyt saldy.


Men Nebukadnesar öýümde rahat, köşgümde şady-horramlykda ýaşaýardym.


Darýuş öz patyşalygynyň üstünden ýüz ýigrimi sany häkim bellemegi makul bildi. Olar tutuş patyşalygyň üstünden garamalydylar.


Soňra Darýuş patyşa bütin ýer ýüzünde ýaşaýan halklara, milletlere we uruglara şeýle diýip ýazdy: «Öýleriňiz abadan bolsun!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan