Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 8:8 - Mukaddes Kitap

8 Siz-de ýahudylar hakda nämäni makul bilseňiz, ony patyşanyň adyndan ýazyň-da, patyşanyň ýüzügi bilen möhürläň; çünki patyşanyň adyndan ýazylyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhürlenen permany hiç kim ýatyryp bilmez».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Сиз-де яхудылар хакда нәмәни макул билсеңиз, оны патышаның адындан язың-да, патышаның йүзүги билен мөхүрләң; чүнки патышаның адындан язылып, патышаның йүзүги билен мөхүрленен перманы хич ким ятырып билмез».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 8:8
9 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, Izebel Ahabyň adyndan hatlar ýazyp, olary Ahabyň möhüri bilen möhürledi-de hatlary Ýizregel galasynda ýaşaýan ýaşululara, beglere iberdi.


Eger patyşa oňlasa, goý, ol bir perman çykarsyn. Şa aýaly Waşty mundan beýläk Kserks patyşanyň huzuryna barmaly däldir diýlip, parslaryň we madaýlaryň kanunlaryna girizilsin we üýtgedilmesin. Şeýle hem, goý, patyşa Waştynyň şa aýallyk derejesini ondan gowurak başga birine bersin.


Birinji aýyň on üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Hamanyň tabşyrygy boýunça patyşanyň ähli welaýatlardaky hökümdarlaryna we häkimlerine, bütin halkyň beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde perman ýazyldy. Perman patyşanyň adyndan ýazylyp, onuň ýüzügi bilen möhürlenildi.


Mordekaý ony Kserks patyşanyň adyndan ýazyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhür basyp, hatlary patyşa üçin ýörite seýislenen, onuň hyzmatyndaky ýyldam atlara atlanan çaparlardan ýollady.


Ester hem ýerinden turup, patyşanyň huzurynda durdy. Ol şeýle diýdi: «Eger patyşanyň göwnüne ýarasa, eger men patyşanyň nazarynda merhemet gazanan bolsam, bu işi patyşa oňlasa, eger men onuň göwnünden turan bolsam, goý, onda perman ýazylsyn. Şol permanda agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň patyşanyň ähli welaýatlaryndaky ýahudylary ýok etmek üçin hilegärlik bilen ýazan hatlary ýatyrylýar diýip ýazylsyn.


Eý, şahym, madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde hiç wagt üýtgedilmez ýaly, şu karary tassykla we permana gol çek» diýdiler.


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan