Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 8:5 - Mukaddes Kitap

5 Ester hem ýerinden turup, patyşanyň huzurynda durdy. Ol şeýle diýdi: «Eger patyşanyň göwnüne ýarasa, eger men patyşanyň nazarynda merhemet gazanan bolsam, bu işi patyşa oňlasa, eger men onuň göwnünden turan bolsam, goý, onda perman ýazylsyn. Şol permanda agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň patyşanyň ähli welaýatlaryndaky ýahudylary ýok etmek üçin hilegärlik bilen ýazan hatlary ýatyrylýar diýip ýazylsyn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Эстер хем еринден туруп, патышаның хузурында дурды. Ол шейле дийди: «Эгер патышаның гөвнүне яраса, эгер мен патышаның назарында мерхемет газанан болсам, бу иши патыша оңласа, эгер мен онуң гөвнүнден туран болсам, гой, онда перман язылсын. Шол перманда агак тиресинден болан Хаммедатаның оглы Хаманың патышаның әхли велаятларындакы яхудылары ёк этмек үчин хилегәрлик билен язан хатлары ятырыляр дийип язылсын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 8:5
9 Iomraidhean Croise  

Ähli aýallaryň içinden patyşa Esteri saýlady. Ol patyşanyň nazarynda beýleki gyzlaryň ählisinden köp merhemet we mähir gazandy. Şeýdip, ol Esteriň başyna şalyk täjini geýdirip, ony şa aýaly Waştynyň ýerine öz şa aýaly etdi.


Patyşanyň göwnüne ýaran gyzlaryň biri şa aýaly Waştynyň deregine şa aýaly bolsun». Bu teklip patyşa ýarap, ol olaryň aýdyşy ýaly hem etdi.


Şu wakalardan soň Kserks patyşa agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň wezipesini beýgeldip, ony öz ýanyndaky emeldarlaryň ählisinden ýokarda goýdy.


„Eger men patyşanyň göwnünden turan bolsam, patyşa dilegimi bitirip, islegimi ýerine ýetirmegi oňlasa, patyşa bilen Haman ertir meniň olar üçin gurjak meýlisime gelsinler. Men ertir patyşanyň soragyna jogap bererin“» diýdi.


Şa aýaly Ester şeýle jogap berdi: «Eý, patyşahym, eger men seniň göwnüňden turan bolsam, eger patyşa oňlasa, meniň dilegim boýunça janym, islegim boýunça-da halkym berilsin.


Eger men dogrudan-da, Seniň göwnüňden turan bolsam, maňa Öz ýollaryňy görkez. Şonda men Seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn. Ýatdan çykarma, bu millet Seniň Öz halkyňdyr».


Eger biziň bilen gitmeseň, onda meniň we halkyňyň Seniň öňüňde merhemet gazanandygy nädip bilinsin? Şonuň üçin hem meniň we halkyňyň ýer ýüzündäki ähli halklardan aýratyndygymyzy görkez» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan