Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 8:15 - Mukaddes Kitap

15 Mawy hem ak reňkdäki şa lybasly, başy uly altyn jygaly we nepis zygyr matadan dokalan gyrmyzy donly Mordekaý patyşanyň huzuryndan gaýtdy. Muňa Suzadakylar gygyryşyp şatlandylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Мавы хем ак реңкдәки ша лыбаслы, башы улы алтын җыгалы ве непис зыгыр матадан докалан гырмызы донлы Мордекай патышаның хузурындан гайтды. Муңа Сузадакылар гыгырышып шатландылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 8:15
15 Iomraidhean Croise  

Faraon barmagyndaky patyşalyk möhürini çykaryp, ony Ýusubyň barmagyna dakdy; oňa gymmatbaha lybaslar geýdirdi we boýnuna altyn zynjyr dakdy.


Howly ak we mawy reňkli perdeler bilen bezelendi, olar al gyrmyzy we nepis zygyr ýüplük bilen mermer sütünlerdäki kümüş halkajyklara berkidilendi. Altyn-kümüşden ýasalan kürsüler sadap, mermer we beýleki gymmatbaha daşlar bilen nagyşlanan ýanýodada goýlandy.


Patyşanyň ähli güýç-kuwwaty, Mordekaýy hormatlap, onuň wezipesini beýgeldendigi hakyndaky ähli wakalar Madaý we Pars patyşalarynyň ýyl ýazgylaryna ýazylandyr.


Çaparlar patyşanyň buýrugy bilen gyssagly ýola düşdüler. Perman Suza galasynda çykaryldy. Patyşa bilen Haman içmäge oturdylar. Suzada welin aljyraňňylykdy.


Üçülenji güni Ester özüniň şa lybasyny geýip, patyşa köşgüniň içki otagynda, patyşanyň tagty ýerleşen otagynyň garşysynda durdy. Patyşa köşgüň agzyndaky otagda öz şalyk tagtynda otyrdy.


Haman olara öz ummasyz baýlyklaryny, näçe oglunyň bardygyny, patyşanyň özüniň wezipesini beýgeldip, beýleki beglerden we köşk emeldarlaryndan ýokarda goýup, eden hezzet-hormatlaryny sanap berdi.


Şeýlelikde, Haman şa lybaslaryny we aty alyp, Mordekaýy geýindirip, ony ata mündürip, şäheriň meýdançasynda jar çekip: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna şeýle edilýär» diýip aýlady.


Şeýdip, çaparlar patyşanyň buýrugy bilen onuň hyzmatyndaky ýyldam atlara atlanyp, atlaryny ýüzin salyp, gyssagly gitdiler. Bu perman Suza galasynda çykaryldy.


Dogrularyň işi rowaç alanda, şäher begenýär, erbetler ölende toý-dabara bolýar.


Dogrular üstün çykanda, uly dabara bolýandyr, emma erbetler güýje eýe bolsa, adamlar bukulýandyr.


Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir. Erbetler höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir.


Ýeri, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Emma nepis eşikler geýnenler patyşalaryň köşklerindedir.


Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi.


«Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy don we nepis eşikler geýip, her gününi şady-horramlykda geçirerdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan