Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 8:14 - Mukaddes Kitap

14 Şeýdip, çaparlar patyşanyň buýrugy bilen onuň hyzmatyndaky ýyldam atlara atlanyp, atlaryny ýüzin salyp, gyssagly gitdiler. Bu perman Suza galasynda çykaryldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Шейдип, чапарлар патышаның буйругы билен онуң хызматындакы йылдам атлара атланып, атларыны йүзин салып, гыссаглы гитдилер. Бу перман Суза галасында чыкарылды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 8:14
13 Iomraidhean Croise  

Olaryň hersi özüne tabşyrylyşyna görä, ýönekeý we saýlama atlar üçin olaryň saklanýan ýerine arpa we saman getirerdi.


Şeýdip, çaparlar patyşanyň we onuň baştutanlarynyň hatlary bilen tutuş Ysraýyla we Ýahuda aýlanyp, patyşanyň tabşyrygy boýunça şeýle diýdiler: «Eý, ysraýyllar! Ybraýymyň, Yshagyň we Ysraýylyň Hudaýy Rebbe tarap öwrüliň! Reb Aşur patyşasynyň elinden gutulyp, aman galanlara tarap öwrüler!


Hakalýanyň ogly Nehemýa, ine, şulary gürrüň berdi: – Pars patyşasy Artakserksiň patyşalyk etmeginiň ýigriminji ýylynyň Kislew aýynda men Suza galasyndadym.


Şol döwürde Kserks patyşa Suza galasyndaky tagtynda oturyp, ýurtda şalyk sürýärdi.


Olary Suza galasynda ýerleşen haremhana getirtmek üçin, patyşa öz patyşalygyndaky bütin welaýatlarda synçylary bellesin. Olar patyşanyň aýallara sakçylyk edýän agtasy Hegaýyň gözegçiligi astynda goýulsynlar; olara owadanlyk serenjamlary berilsin.


On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne ýahudylaryň uludan kiçä baryny: aýallary we çagalary bir günde gyryp, bütinleý ýok edip, ähli mal-mülklerini basyp almaklyk barada ähli welaýatlara çaparlardan elin hatlar iberildi.


Şol gün üçin taýyn bolar ýaly, bu permanyň nusgasy her bir welaýatda perman hökmünde çykarylyp, bütin halka yglan edilmelidi.


Çaparlar patyşanyň buýrugy bilen gyssagly ýola düşdüler. Perman Suza galasynda çykaryldy. Patyşa bilen Haman içmäge oturdylar. Suzada welin aljyraňňylykdy.


Ähli ýazylan zatlaryň nusgasy her bir welaýatda perman hökmünde çykarylyp, bütin halka yglan edilmelidi. Ýahudylar şol gün öz duşmanlaryndan öç almaga taýýarlykly bolmalydylar.


Mawy hem ak reňkdäki şa lybasly, başy uly altyn jygaly we nepis zygyr matadan dokalan gyrmyzy donly Mordekaý patyşanyň huzuryndan gaýtdy. Muňa Suzadakylar gygyryşyp şatlandylar.


Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.


Görnüşde men özümi Eýlam welaýatyndaky Suza galasynda gördüm. Men özümiň Ulaý kanalynyň boýunda durandygymy gördüm.


Dawut Ahymelege: «Ýanyňda naýza ýa gylyç ýokmy? Patyşanyň tabşyrygy juda gyssagly bolansoň, ýanyma ne gylyjymy alyp ýetişdim, ne-de başga ýaragymy» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan