Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 8:11 - Mukaddes Kitap

11 Patyşa şu hatlaryň üsti bilen ähli şäherlerdäki ýahudylara ýygnanyşyp, özlerini goramaga rugsat berdi. Eger-de islendik halkyň ýa-da welaýatyň ýaragly toparlary olaryň çagalaryna, aýallaryna hüjüm edip, mal-mülklerini talaýsa, ýahudylaryň olary gyryp, bütinleý ýok etmäge haky bardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Патыша шу хатларың үсти билен әхли шәхерлердәки яхудылара йыгнанышып, өзлерини горамага ругсат берди. Эгер-де ислендик халкың я-да велаятың яраглы топарлары оларың чагаларына, аялларына хүҗүм эдип, мал-мүлклерини талайса, яхудыларың олары гырып, бүтинлей ёк этмәге хакы барды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 8:11
9 Iomraidhean Croise  

On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne ýahudylaryň uludan kiçä baryny: aýallary we çagalary bir günde gyryp, bütinleý ýok edip, ähli mal-mülklerini basyp almaklyk barada ähli welaýatlara çaparlardan elin hatlar iberildi.


Suzadaky ähli ýahudylar on üçünji hem on dördünji günleri ýygnanyşyp, on bäşinji güni toý-meýlis gurup, şatlanyp, dynç aldylar.


Reb meniň arymy alar; ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar, Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.


Çuň batgalyga batyp barýaryn, aýagymy diremäge hiç ýer ýok. Çuň suwlara girdim, siller meni girdabyna gaplady.


Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.


Oduny meýdandan daşamazlar, tokaýlary çapmazlar. Olar ody ýaraglar bilen ýakarlar; özlerini talanlary talarlar, soýanlary soýarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan