Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 8:10 - Mukaddes Kitap

10 Mordekaý ony Kserks patyşanyň adyndan ýazyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhür basyp, hatlary patyşa üçin ýörite seýislenen, onuň hyzmatyndaky ýyldam atlara atlanan çaparlardan ýollady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Мордекай оны Ксеркс патышаның адындан язып, патышаның йүзүги билен мөхүр басып, хатлары патыша үчин йөрите сейисленен, онуң хызматындакы йылдам атлара атланан чапарлардан ёллады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 8:10
13 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, Izebel Ahabyň adyndan hatlar ýazyp, olary Ahabyň möhüri bilen möhürledi-de hatlary Ýizregel galasynda ýaşaýan ýaşululara, beglere iberdi.


Olaryň hersi özüne tabşyrylyşyna görä, ýönekeý we saýlama atlar üçin olaryň saklanýan ýerine arpa we saman getirerdi.


Şeýdip, çaparlar patyşanyň we onuň baştutanlarynyň hatlary bilen tutuş Ysraýyla we Ýahuda aýlanyp, patyşanyň tabşyrygy boýunça şeýle diýdiler: «Eý, ysraýyllar! Ybraýymyň, Yshagyň we Ysraýylyň Hudaýy Rebbe tarap öwrüliň! Reb Aşur patyşasynyň elinden gutulyp, aman galanlara tarap öwrüler!


Siz-de ýahudylar hakda nämäni makul bilseňiz, ony patyşanyň adyndan ýazyň-da, patyşanyň ýüzügi bilen möhürläň; çünki patyşanyň adyndan ýazylyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhürlenen permany hiç kim ýatyryp bilmez».


Günlerim çapardan çalasyndyr, ýagşylyk görmezden çalt geçip barýar.


Patyşanyň sözi güýçlüdir. Kim oňa: «Näme edýärsiň?» diýip biler?


Sen düýe sürülerinden, Midýan, Eýpa köşeklerinden dolarsyň; bütin Şeba halky geler. Olar altyndyr ýakymly ysly tütetgi getirip, Rebbe alkyş aýdarlar.


Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma – Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler.


Sen nädip: ‘Men haram däl. Bagal butunyň yzyna eýermedim’ diýip bilýärsiň? Jülgede eden günäňe seret, näme edeniňi gör! Sen özüni ol ýere, bu ýere urýan ýyldam maýasyň.


Seniň bilen atlary we çapyksuwarlaryny gyraryn, seniň bilen söweş arabalaryny we arabaçysyny gyraryn.


Men Nebukadnesar öýümde rahat, köşgümde şady-horramlykda ýaşaýardym.


Eý, şahym, madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde hiç wagt üýtgedilmez ýaly, şu karary tassykla we permana gol çek» diýdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan