Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 8:1 - Mukaddes Kitap

1 Hut şol günüň özünde Kserks patyşa ýahudylaryň duşmany bolan Hamanyň emlägini şa aýaly Estere berdi. Mordekaý hem patyşanyň huzuryna geldi, çünki Ester onuň öz garyndaşydygy barada patyşa aýdypdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Хут шол гүнүң өзүнде Ксеркс патыша яхудыларың душманы болан Хаманың эмләгини ша аялы Эстере берди. Мордекай хем патышаның хузурына гелди, чүнки Эстер онуң өз гарындашыдыгы барада патыша айдыпды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 8:1
12 Iomraidhean Croise  

Olar patyşanyň iň ýakyn adamlary, onuň ýörite maslahatçylary, Parsyň we Madaýyň ýedi begi: Karşena, Şetar, Admata, Tarşyş, Meres, Marsena hem-de Memukan dagylardy. Olar patyşanyň huzurynda iň beýik wezipeleri eýelediler.


Ester Mordekaýyň gyzlygy, onuň kakasynyň dogany Abyhaýylyň gyzydy. Patyşanyň huzuryna barmak nobaty ýetende, ol patyşanyň aýallara gözegçilik edýän agtasy Hegaýyň aýdanlaryndan başga hiç zat soramady. Ester özüni görenleriň barynyň göwnünden turdy.


Mordekaý kakasynyň doganynyň gyzy Hadassany, ýagny Esteri özi terbiýeläp kemala getiripdi, çünki ol gyzyň ejesi-de, kakasy-da ýokdy. Ol syratly, görmegeý boý gyzdy. Onuň ejesi, kakasy ölenden soň, Mordekaý ony özüne gyzlyga alypdy.


Ester: «Biziň ganym duşmanymyz, ine, şu zalym Hamandyr!» diýdi. Haman patyşa bilen şa aýaly Esteriň öňünde gaty gorkdy.


Soňra Kserks patyşa şa aýaly Estere we ýahudy Mordekaýa şeýle diýdi: «Ine, men Hamanyň emlägini Estere berdim. Onuň özüni hem dardan asdyrdym, çünki ol ýahudylara el galdyrdy.


Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.


Ýagşy adam agtyk-çowluklaryna-da miras galdyrýar, ýöne günä edýänleriň baýlygy dogrulara galýar.


Peýda we göterim bilen baýlygyny artdyrýan ony garyplara sahawat edýän adam üçin ýygnaýandyr.


Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan