Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 7:8 - Mukaddes Kitap

8 Patyşa köşk bagyndan meýlishana dolanyp gelende, Haman Esteriň ýaplanyp oturan çarpaýasyna özüni oklapdy. Patyşa: «Ol hut meniň öýümde, meniň gözümiň alnynda şa aýalyny zorlajak bolýarmy?» diýdi. Bu söz patyşanyň agzyndan çykan badyna, patyşanyň agtalary Hamanyň ýüzüni bürediler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Патыша көшк багындан мейлисхана доланып геленде, Хаман Эстериң япланып отуран чарпаясына өзүни оклапды. Патыша: «Ол хут мениң өйүмде, мениң гөзүмиң алнында ша аялыны зорлаҗак болярмы?» дийди. Бу сөз патышаның агзындан чыкан бадына, патышаның агталары Хаманың йүзүни бүредилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 7:8
9 Iomraidhean Croise  

Şol günler geçenden soň, Suza galasynda baý-garyp diýmän bütin halk üçin köşgüň howlusyndaky bagda patyşa ýedi günläp meýlis gurady.


Howly ak we mawy reňkli perdeler bilen bezelendi, olar al gyrmyzy we nepis zygyr ýüplük bilen mermer sütünlerdäki kümüş halkajyklara berkidilendi. Altyn-kümüşden ýasalan kürsüler sadap, mermer we beýleki gymmatbaha daşlar bilen nagyşlanan ýanýodada goýlandy.


Soňra Mordekaý ýene-de dolanyp patyşanyň derwezesine geldi. Ýöne Haman ýas tutup, ýüzüni büräp, tiz öýüne gaýtdy.


Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy.


Dünýä erbetleriň eline berlendir, dünýä kazylarynyň gözlerini baglaýan Oldur. Eger Ol bolmasa, onda kim?


Eý, güýçli kişi, Reb seni güýç bilen togalar. Ol seni ykjam tutup,


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Reb şeýle diýýär: «Bir çopanyň arslanyň agzyndaky goýnuň diňe toýnaklaryny ýa-da gulagynyň bir bölegini halas edip bilşi ýaly, Samariýada ýaşaýan ysraýyl halky-da şeýle halas ediler. Onda diňe döwük-ýenjik öý goşlaryndan başga hiç zat galmaz».


Käbirleri Onuň üstüne tüýkürip başladylar, gözlerini daňyp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Sakçylar-da Ony aralaryna alyp urdular.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan