Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 7:4 - Mukaddes Kitap

4 Çünki men we meniň halkym gyrlyp, bütinleý ýok edilmek üçin satyldyk. Eger biz diňe bir gul-gyrnak edilmek üçin satylan bolsadyk, onda men sesimi çykarmazdym, çünki gam-gussamyz bilen patyşany biynjalyk edip bolmaz».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Чүнки мен ве мениң халкым гырлып, бүтинлей ёк эдилмек үчин сатылдык. Эгер биз диңе бир гул-гырнак эдилмек үчин сатылан болсадык, онда мен сесими чыкармаздым, чүнки гам-гуссамыз билен патышаны биынҗалык эдип болмаз».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 7:4
18 Iomraidhean Croise  

Biziň süňňümizem, aslymyzam beýleki ýahudalaryňky bilen birdir. Çagalarymyzam şolaryň çagasyndan kem däl. Muňa garamazdan, biz ogullarymyzy, gyzlarymyzy gulçulyga bermeli bolýarys. Gyzlarymyzyň-a eýýäm gyrnak bolanlary-da bar. Emma biziň etjek alajymyz ýok, sebäbi ekin ýerimizem, üzümçiligimizem başga adamlaryň elinde» diýýänleri-de bardy.


On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne ýahudylaryň uludan kiçä baryny: aýallary we çagalary bir günde gyryp, bütinleý ýok edip, ähli mal-mülklerini basyp almaklyk barada ähli welaýatlara çaparlardan elin hatlar iberildi.


Eger patyşa oňlasa, goý, olaryň ýok edilmegi barada bir perman ýazylsyn. Patyşanyň hazynalaryna goýmak üçin, men patyşanyň hazynadarlarynyň eline on ýedi müň batman kümüş bererin».


Kserks patyşa şa aýaly Esterden: «Beýle iş etmäge ýürek eden adam kim? Ol nirede?» diýip sorady.


Ester: «Biziň ganym duşmanymyz, ine, şu zalym Hamandyr!» diýdi. Haman patyşa bilen şa aýaly Esteriň öňünde gaty gorkdy.


Patyşa şu hatlaryň üsti bilen ähli şäherlerdäki ýahudylara ýygnanyşyp, özlerini goramaga rugsat berdi. Eger-de islendik halkyň ýa-da welaýatyň ýaragly toparlary olaryň çagalaryna, aýallaryna hüjüm edip, mal-mülklerini talaýsa, ýahudylaryň olary gyryp, bütinleý ýok etmäge haky bardy.


Çünki men halkymyň başyna geljek bela nädip çydaýyn? Garyndaşlarymyň ýok edilmegine nädip çydaýyn?»


Ýöne Ester patyşanyň huzuryna baranda, patyşa: «Hamanyň ýahudylara garşy guran hilesi onuň öz başyna gelsin hem-de onuň özi we ogullary dardan asylsyn» diýip, ýazmaça perman çykardy.


Bu häkimleriň hem üstünden sereder ýaly üç sany wezir goýdy. Patyşany alada goýmaz ýaly häkimler bu wezirlere hasabat bermelidiler. Üç weziriň biri hem Danyýeldi.


Siz Ýahuda we Iýerusalim halklaryny öz çäklerinden uzaklaşdyryp, olary grek halkyna satdyňyz.


Reb şeýle diýýär: «Men Ysraýyly günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar dogruçyly kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satýarlar.


Emma şol hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip, gullary we kenizleri urmaga, iýip-içip, serhoş bolmaga başlasa,


Siziň indi gaýdyp görmejekdigiňize söz beren ýolumdan, Reb sizi gämiler bilen ýene-de yzyňyza Müsüre alyp gider. Ol ýerde siz özüňizi gul we gyrnak edip duşmanlaryňyza satuwa hödürlärsiňiz, emma sizi satyn alan bolmaz».


Şu pursatdan başlap, siz näletlendiňiz, siz indi bize hemişelik gul bolarsyňyz. Siz Hudaýymyň öýi üçin odun çapýançy we suw daşaýançy bolarsyňyz» diýdi.


Meniň ýanymda gal, özüňem gorkma, çünki meniň kastyma çykanyň, seniň hem kastyňa çykdygydyr, emma sen meniň penamdasyň».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan