Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 7:10 - Mukaddes Kitap

10 Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Шейдип, олар Хаманың Мордекай үчин тайярлан дар агаҗындан онуң өзүни асдылар. Шондан соң патышаның гахары ятышды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 7:10
22 Iomraidhean Croise  

Baş nan bişirijini-de Ýusubyň aýdyşy ýaly, patyşa dardan asdyrdy.


Şu wakalardan soň Kserks patyşanyň gahary ýatyşyp, ol şa aýaly Waşty, onuň eden işi hem-de oňa garşy çykarylan perman barada pikirlendi.


Soňra aýaly Zereş we ähli dostlary oňa: «Beýikligi elli tirsek bolan bir dar agajyny taýýarlasynlar. Ertir patyşa aýt, goý, ol şol dar agajyndan Mordekaýy asdyrsyn. Soňra şatlanyp, patyşa bilen bile meýlise git» diýdiler. Bu pikir Hamana ýarady. Ol dar agajyny taýýarlatdy.


Patyşa gazaba münüp, meýlisden çykyp, köşk bagyna tarap çykyp gaýtdy. Haman şa aýaly Esterden öz janyny dilejek bolup şol ýerde galdy, çünki ol patyşanyň özüni öldürmek kararyna gelendigini görüp durdy.


Patyşa köşk bagyndan meýlishana dolanyp gelende, Haman Esteriň ýaplanyp oturan çarpaýasyna özüni oklapdy. Patyşa: «Ol hut meniň öýümde, meniň gözümiň alnynda şa aýalyny zorlajak bolýarmy?» diýdi. Bu söz patyşanyň agzyndan çykan badyna, patyşanyň agtalary Hamanyň ýüzüni bürediler.


Soňra Kserks patyşa şa aýaly Estere we ýahudy Mordekaýa şeýle diýdi: «Ine, men Hamanyň emlägini Estere berdim. Onuň özüni hem dardan asdyrdym, çünki ol ýahudylara el galdyrdy.


Şeýdip, patyşa munuň şeýle edilmegine buýruk berdi. Suzada perman çykarylyp, Hamanyň on ogly dardan asyldy.


Ýöne Ester patyşanyň huzuryna baranda, patyşa: «Hamanyň ýahudylara garşy guran hilesi onuň öz başyna gelsin hem-de onuň özi we ogullary dardan asylsyn» diýip, ýazmaça perman çykardy.


Öz aýaklary bilen tora düşýärler, özleri garyma ýykylýarlar.


Düýş kimin uçup giderler, gijeki görnüş kimin gaýyp bolarlar.


Dilsiz-agyzsyz ker kimin boldum.


Ol gazýar bir çukur, ony çuňaldýar, gazan çukuryna-da onuň özi düşýär.


Ýagşylyk gözleýän merhemet gazanýar, ýamanlyk gözleýän ýamanlyga ýeter.


Dogry adam muşakgatdan gutulýar, oňa derek erbetler muşakgata uçraýar.


Kim gorp gazsa, oňa özi ýykylar, kim ýokary daş togalasa, ol öz üstüne gaýdar.


Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Gul bolan öz garyndaşlaryňyzy, dost-ýarlaryňyzy boşatmak barada siz Maňa gulak asmadyňyz. Indi Men-de sizi gylyç, mergi, açlyk belalaryndan goramakdan boş. Sizi dünýäniň ähli patyşalyklary üçin howpa döndererin. Muny Reb aýdýandyr.


Gazabymy olaryň üstüne döküp, gaharym ýatyşandan soň, Men köşeşerin. Olara gahar-gazabymy dökenimde, olar Men-Rebbiň gabanjaňlyk bilen gepländigimi bilerler.


Patyşanyň buýrugy boýunça Danyýeli şugullan adamlary getirdiler. Olary çagalary we aýallary bilen bilelikde ýolbarsly çukura taşladylar. Olar entek çukuryň düýbüne ýetmänkäler, ýolbarslar olary gapyp, ähli süňklerini owradyp kül etdiler.


Soňra Darýuş patyşa bütin ýer ýüzünde ýaşaýan halklara, milletlere we uruglara şeýle diýip ýazdy: «Öýleriňiz abadan bolsun!


Soňra ol meni çagyryp: «Seret, demirgazyk ýurda giden atlar ol ýerde Meniň gaharymy köşeşdirdiler» diýdi.


Şimşon olara: «Siz şeýle etseňiz-de, men sizden arymy alýançam ynjalmaryn» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan