Çaparlar patyşanyň buýrugy bilen gyssagly ýola düşdüler. Perman Suza galasynda çykaryldy. Patyşa bilen Haman içmäge oturdylar. Suzada welin aljyraňňylykdy.
„Eger men patyşanyň göwnünden turan bolsam, patyşa dilegimi bitirip, islegimi ýerine ýetirmegi oňlasa, patyşa bilen Haman ertir meniň olar üçin gurjak meýlisime gelsinler. Men ertir patyşanyň soragyna jogap bererin“» diýdi.
Meýlisiň ikinji güni şerap içip otyrkalar, patyşa ýene-de Estere ýüzlenip: «Şa aýaly Ester, seniň näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa, ol ýerine ýetiriler» diýdi.