Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 6:4 - Mukaddes Kitap

4 Patyşa: «Howluda kim bar?» diýip sorady. Edil şol wagt Mordekaý üçin taýýarlanan dar agajyndan ony asdyrmak barada patyşa bilen gepleşmek üçin, Haman köşgüň daşky howlusyna giripdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Патыша: «Ховлуда ким бар?» дийип сорады. Эдил шол вагт Мордекай үчин тайярланан дар агаҗындан оны асдырмак барада патыша билен геплешмек үчин, Хаман көшгүң дашкы ховлусына гирипди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 6:4
12 Iomraidhean Croise  

«Erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, patyşanyň ýanyna çakylyksyz gelen adam babatda bir kanun bar – ölüm, diňe patyşanyň altyn hasasyny uzadan adamy diri galýar. Patyşanyň ähli köşk emeldarlary we onuň ähli welaýatlaryndaky adamlary muny bilýärler. Men otuz gün bäri patyşanyň ýanyna çagyrylamok».


Üçülenji güni Ester özüniň şa lybasyny geýip, patyşa köşgüniň içki otagynda, patyşanyň tagty ýerleşen otagynyň garşysynda durdy. Patyşa köşgüň agzyndaky otagda öz şalyk tagtynda otyrdy.


Soňra aýaly Zereş we ähli dostlary oňa: «Beýikligi elli tirsek bolan bir dar agajyny taýýarlasynlar. Ertir patyşa aýt, goý, ol şol dar agajyndan Mordekaýy asdyrsyn. Soňra şatlanyp, patyşa bilen bile meýlise git» diýdiler. Bu pikir Hamana ýarady. Ol dar agajyny taýýarlatdy.


Patyşa: «Munuň üçin Mordekaýa näme hezzet-hormat edildi?» diýdi. Patyşanyň emeldarlary: «Oňa hiç zat edilmedi» diýdiler.


Patyşanyň emeldarlary oňa: «Howluda Haman bar» diýdiler. Patyşa: «Goý, ol içeri girsin» diýdi.


Ol patyşanyň hyzmatyndaky agtalaryň biri bolan Harbona şeýle diýdi: «Patyşanyň janyny halas eden Mordekaýy asmak üçin Hamanyň taýýarlan beýikligi elli tirsek bolan dar agajy onuň öýünde dur». Patyşa: «Şol dar agajyndan onuň özüni asyň» diýdi.


Akyllysyraýany öz hilesinde tutýar, mekirleriň maslahaty ýele sowrulýar.


Göklerde oturan Taňry olaryň üstünden gülýär hem-de olary masgaralaýar.


Reb kalby synyklara ýakyndyr; ruhdan düşenleri halas edýändir.


Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan