Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 6:3 - Mukaddes Kitap

3 Patyşa: «Munuň üçin Mordekaýa näme hezzet-hormat edildi?» diýdi. Patyşanyň emeldarlary: «Oňa hiç zat edilmedi» diýdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Патыша: «Мунуң үчин Мордекая нәме хеззет-хормат эдилди?» дийди. Патышаның эмелдарлары: «Оңа хич зат эдилмеди» дийдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 6:3
12 Iomraidhean Croise  

Baş saky bolsa Ýusup hakda pikir hem etmedi, ol ony ýadyndan çykardy.


Dawut: «Ýabuslylara kim öňürti zarba ursa, şol goşun serkerdesi bolar» diýdi. Seruýanyň ogly Ýowap öňürti zarba urup, goşun serkerdesi boldy.


Ondan patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtana bilen Tereşiň Kserks patyşanyň janyna kast etmek niýetleriniň bardygy barada Mordekaýyň aýdan zatlary hakyndaky ýazgy tapyldy.


Patyşa: «Howluda kim bar?» diýip sorady. Edil şol wagt Mordekaý üçin taýýarlanan dar agajyndan ony asdyrmak barada patyşa bilen gepleşmek üçin, Haman köşgüň daşky howlusyna giripdi.


Bu şäherde bir dana garyp tapyldy, ol şäheri paýhasy bilen halas etdi. Emma hiç kim bu garyby ýatlamady.


Ýöne seniň düýşleri ýorup, kyn meseleleri çözüp bilýändigiňi eşitdim. Indi sen bu ýazgyny okap, onuň manysyny maňa düşündirip berseň, saňa gyrmyzy don ýapylar, boýnuňa altyn zynjyr dakylyp, patyşalykda meniň sag elim bolarsyň».


Şundan soň Belşasaryň buýrugy boýunça Danyýele gyrmyzy don ýapdylar, boýnuna altyn zynjyr dakdylar we ony patyşanyň sag eli diýip jar etdiler.


Patyşa: «Palçylary, müneçjimleri we bilgiçleri getiriň» diýip, batly ses bilen gygyrdy. Ol Babyl akyldarlaryna ýüzlenip: «Kimde-kim şu ýazgyny okap, onuň manysyny düşündirip berse, gyrmyzy don ýapylyp, onuň boýnuna altyn zynjyr dakylar we patyşalykda ol meniň sag elim bolar» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan