Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 6:12 - Mukaddes Kitap

12 Soňra Mordekaý ýene-de dolanyp patyşanyň derwezesine geldi. Ýöne Haman ýas tutup, ýüzüni büräp, tiz öýüne gaýtdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Соңра Мордекай ене-де доланып патышаның дервезесине гелди. Йөне Хаман яс тутуп, йүзүни бүрәп, тиз өйүне гайтды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 6:12
14 Iomraidhean Croise  

Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.


Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.


Ysraýylyň patyşasy Ahap ýüzüni sortduryp, öz öýüne Samariýa gaharly gitdi.


Ahap ýizregelli Nabodyň aýdan sözüne ýüzüni sortduryp, gaharly halda öýüne gaýtdy, çünki Nabot: «Atalarymyň mirasyny saňa bermerin» diýipdi. Ahap öýüne gelip, hiç zat iýip-içmezden düşegine geçip, ýüzüni ters öwrüp ýatdy.


Ahap aýalyna şeýle jogap berdi: «Men ýizregelli Naboda: „Üzümçiligiňi maňa kümşe sat ýa-da isleseň, onuň deregine saňa başga bir üzümçilik bereýin“ diýdim. Ol maňa: „Üzümçiligimi saňa satjak däl“ diýdi».


Baş ruhany Azarýa bilen beýleki ruhanylaryň hemmesi Uzyýa seredenlerinde, onuň maňlaýyndaky deri keselini gördüler. Olar ony ol ýerden tiz çykardylar. Uzyýanyň özi hem ol ýerden dessine çykmak bilen boldy, çünki Reb ony şeýle heläkläpdi.


Boý gyzlar ikinji gezek bir ýere toplanylanda, Mordekaý köşk emeldarydy.


Şeýlelikde, Haman şa lybaslaryny we aty alyp, Mordekaýy geýindirip, ony ata mündürip, şäheriň meýdançasynda jar çekip: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna şeýle edilýär» diýip aýlady.


Patyşa köşk bagyndan meýlishana dolanyp gelende, Haman Esteriň ýaplanyp oturan çarpaýasyna özüni oklapdy. Patyşa: «Ol hut meniň öýümde, meniň gözümiň alnynda şa aýalyny zorlajak bolýarmy?» diýdi. Bu söz patyşanyň agzyndan çykan badyna, patyşanyň agtalary Hamanyň ýüzüni bürediler.


Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.


Dünýä erbetleriň eline berlendir, dünýä kazylarynyň gözlerini baglaýan Oldur. Eger Ol bolmasa, onda kim?


Şamuwel daň atýança ýatdy. Soňra turup, Rebbiň öýüniň gapylaryny açdy. Şamuwel bu gören görnüşini Eliýä duýdurmakdan gorkýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan