Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 6:11 - Mukaddes Kitap

11 Şeýlelikde, Haman şa lybaslaryny we aty alyp, Mordekaýy geýindirip, ony ata mündürip, şäheriň meýdançasynda jar çekip: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna şeýle edilýär» diýip aýlady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Шейлеликде, Хаман ша лыбасларыны ве аты алып, Мордекайы гейиндирип, оны ата мүндүрип, шәхериң мейданчасында җар чекип: «Патышаның айратын хорматламак ислейән адамына шейле эдилйәр» дийип айлады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 6:11
9 Iomraidhean Croise  

Onsoň Darýuş patyşanyň iberen hatyna laýyklykda, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý, Şetar Bozenaý we olaryň ýaranlary Darýuş patyşanyň permanyny doly berjaý etdiler.


Soňra patyşa Hamana: «Dessine şa lybaslaryny we aty al-da, patyşa köşgüniň derwezesinde oturýan Mordekaý ýahudyny edil aýdyşyň ýaly et. Ýaňky aýdanlaryňyň ýekejesi-de kem bolmasyn» diýdi.


Soňra Mordekaý ýene-de dolanyp patyşanyň derwezesine geldi. Ýöne Haman ýas tutup, ýüzüni büräp, tiz öýüne gaýtdy.


Mawy hem ak reňkdäki şa lybasly, başy uly altyn jygaly we nepis zygyr matadan dokalan gyrmyzy donly Mordekaý patyşanyň huzuryndan gaýtdy. Muňa Suzadakylar gygyryşyp şatlandylar.


Welaýatlaryň ähli han-begleri, hökümdarlary, häkimleri hem-de patyşanyň iş dolandyryjylary Mordekaýdan gorkularyna ýahudylara ýardam etdiler.


Injir agajyna seredýän onuň miwesini iýer, hojaýynyna seredýän hormatly bolar.


Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar.


Hökümdarlary tagtyndan düşürip, pespäl adamlary beýgeltdi.


Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan