Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 5:2 - Mukaddes Kitap

2 Patyşa şa aýaly Esteriň içki otagda duranyny görende, Ester patyşanyň nazarynda merhemet gazandy. Patyşa elindäki altyn hasasyny Estere tarap uzatdy. Soňra Ester oňa golaý baryp, hasanyň ujuna elini degirdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Патыша ша аялы Эстериң ички отагда дураныны гөренде, Эстер патышаның назарында мерхемет газанды. Патыша элиндәки алтын хасасыны Эстере тарап узатды. Соңра Эстер оңа голай барып, хасаның уҗуна элини дегирди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 5:2
9 Iomraidhean Croise  

Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


Ýa Reb, Öz guluňyň dilegine we Saňa hormat goýýan gullaryňyň dilegini eşit! Öz guluňyň işini şu gün Özüň oňuna edip, patyşanyň maňa rehimi iner ýaly et». Men şol wagtlar patyşanyň sakysydym.


Bu gyz Hegaýyň göwnünden turup, onuň merhemetini gazandy. Ol dessine Esteri owadanlyk serenjamlary hem-de iýmitden ýetdik paý bilen üpjün edip, patyşanyň köşgünden ýedi kenizi saýlap, ony kenizler bilen bile haremhananyň iň oňat ýerine geçirdi.


«Erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, patyşanyň ýanyna çakylyksyz gelen adam babatda bir kanun bar – ölüm, diňe patyşanyň altyn hasasyny uzadan adamy diri galýar. Patyşanyň ähli köşk emeldarlary we onuň ähli welaýatlaryndaky adamlary muny bilýärler. Men otuz gün bäri patyşanyň ýanyna çagyrylamok».


Patyşa Estere altyn hasasyny uzatdy.


Rebbe şöhratlandyryň, ähli milletler! Ony beýgeldiň siz, eý, ähli halklar!


Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.


Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Ol Ýusuby ähli külpetlerden azat etdi. Hudaý oňa görlüp-eşidilmedik akyl-paýhas berip, ony Müsür patyşasy faraonyň huzurynda merhemet tapar ýaly etdi. Faraon ony Müsüriň we tutuş köşgüň baştutany edip belledi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan