Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Üçülenji güni Ester özüniň şa lybasyny geýip, patyşa köşgüniň içki otagynda, patyşanyň tagty ýerleşen otagynyň garşysynda durdy. Patyşa köşgüň agzyndaky otagda öz şalyk tagtynda otyrdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Үчүленҗи гүни Эстер өзүниң ша лыбасыны гейип, патыша көшгүниң ички отагында, патышаның тагты ерлешен отагының гаршысында дурды. Патыша көшгүң агзындакы отагда өз шалык тагтында отырды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 5:1
14 Iomraidhean Croise  

Suza galasynda Mordekaý atly bir ýahudy bardy. Ol benýamin tiresinden bolan Kişiň çowlugy, Şimginiň agtygy, Ýaýyryň ogludy.


«Erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, patyşanyň ýanyna çakylyksyz gelen adam babatda bir kanun bar – ölüm, diňe patyşanyň altyn hasasyny uzadan adamy diri galýar. Patyşanyň ähli köşk emeldarlary we onuň ähli welaýatlaryndaky adamlary muny bilýärler. Men otuz gün bäri patyşanyň ýanyna çagyrylamok».


«Bar, Suzadaky ähli ýahudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».


Soňra Mordekaý gidip, hemme zady Esteriň tabşyryşy ýaly etdi.


Patyşa: «Howluda kim bar?» diýip sorady. Edil şol wagt Mordekaý üçin taýýarlanan dar agajyndan ony asdyrmak barada patyşa bilen gepleşmek üçin, Haman köşgüň daşky howlusyna giripdi.


Mawy hem ak reňkdäki şa lybasly, başy uly altyn jygaly we nepis zygyr matadan dokalan gyrmyzy donly Mordekaý patyşanyň huzuryndan gaýtdy. Muňa Suzadakylar gygyryşyp şatlandylar.


Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


Ýeri, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Emma nepis eşikler geýnenler patyşalaryň köşklerindedir.


Şonuň üçin üç günläp mazaryň gorag astynda saklanmagyny buýur, şägirtleri gije gelip, jesedi ogurlap, halka bolsa: „Ol direldi“ diýäýmesinler. Bu soňky ýalan öňküden-de beter bolar» diýdiler.


Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan