Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 4:8 - Mukaddes Kitap

8 Şeýle hem, Mordekaý özlerini derbi-dagyn etmek baradaky Suzada çykarylan permanyň ýazuw nusgasyny Estere görkezip, düşündirmegi üçin Hataga berdi. Ol Estere patyşanyň huzuryna baryp, ondan öz halkyna rehim etmegini sorap, öz adamlary üçin oňa ýalbarmagyny tabşyrmaklygy Hatakdan haýyş etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Шейле хем, Мордекай өзлерини дерби-дагын этмек барадакы Сузада чыкарылан перманың язув нусгасыны Эстере гөркезип, дүшүндирмеги үчин Хатага берди. Ол Эстере патышаның хузурына барып, ондан өз халкына рехим этмегини сорап, өз адамлары үчин оңа ялбармагыны табшырмаклыгы Хатакдан хайыш этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 4:8
14 Iomraidhean Croise  

Ester Mordekaýyň tabşyryşy ýaly özüniň maşgalasy we milleti hakynda olara hiç zat aýtmandy, çünki ol Mordekaýyň tabşyryklaryny özüniň terbiýelenen wagtyndakysy ýaly ýerine ýetirýärdi.


Hatak Esteriň ýanyna gidip, Mordekaýyň ähli tabşyryklaryny oňa aýtdy.


Çünki men halkymyň başyna geljek bela nädip çydaýyn? Garyndaşlarymyň ýok edilmegine nädip çydaýyn?»


Bigünä bolsam-da, Oňa jogap berip bilmerin, Hökümdaryma rehim et diýip ýalbararyn.


Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.


Hökümdaryň saňa gahary gelse-de, ýeriňi taşlap gitme, çünki mylaýymlyk uly ýazyklaryň üstüni örtýändir.


Hirod Sur we Sidon halkyna gaty gazaplanýardy. Olar hem birleşip, Hirodyň ýanyna geldiler-de, patyşanyň baş hyzmatkäri Blastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy.


Ähli zada ýaşaýyş berýän Hudaýyň huzurynda we Pontiý Pilatyň öňünde diňe Hudaýa bil baglaýandygyny tassyklan Isa Mesihiň huzurynda saňa şulary tabşyrýaryn:


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan