Patyşanyň tabşyrygyny we permanyny eşiden ähli welaýatlardaky ýahudylar agyz bekläp, aglaşyp, dady-perýat bilen uly ýas tutdular. Olaryň köpüsi jul geýnip, kül üstünde oturdylar.
Soňra Ester öz hyzmatynda durýan patyşanyň agtalaryndan biri bolan Hatagy çagyryp, oňa Mordekaýyň ýanyna baryp, nämeleriň bolýandygyny we sebäbiniň nämedigini bilmekligi tabşyrdy.
Mordekaý oňa özi bilen bolup geçen zatlaryň barysy barada hem-de ýahudylary ýok etmek üçin Hamanyň patyşanyň hazynasyna goýmagy wada beren kümşüniň mukdaryna çenli aýdyp berdi.
Meýlisiň ikinji güni şerap içip otyrkalar, patyşa ýene-de Estere ýüzlenip: «Şa aýaly Ester, seniň näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa, ol ýerine ýetiriler» diýdi.
Patyşa şa aýaly Estere şeýle diýdi: «Ýahudylar Suza galasynda bäş ýüz adamy hem-de Hamanyň on ogluny öldüripdirler. Kim bilýär, olar patyşanyň beýleki welaýatlarynda, gör, nämeler edendirler! Indi näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Ýene näme islegiň bar? Ol ýerine ýetiriler».