Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 4:5 - Mukaddes Kitap

5 Soňra Ester öz hyzmatynda durýan patyşanyň agtalaryndan biri bolan Hatagy çagyryp, oňa Mordekaýyň ýanyna baryp, nämeleriň bolýandygyny we sebäbiniň nämedigini bilmekligi tabşyrdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Соңра Эстер өз хызматында дурян патышаның агталарындан бири болан Хатагы чагырып, оңа Мордекайың янына барып, нәмелериң боляндыгыны ве себәбиниң нәмедигини билмеклиги табшырды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 4:5
10 Iomraidhean Croise  

Meýlisiň ýedinji güni şerapdan serhoş bolan Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň başyna şalyk täjini geýdirip, ony öz huzuryna getirmeklerini köşkde hyzmat edýän ýedi agtasyna: Mehumana, Bizta, Harbona, Bigta, Abagta, Zetara we Karkasa buýurdy. Ol bütin halka we beglere onuň gözelligini görkezmek isledi, çünki ol görmegeý aýaldy.


Patyşanyň agtalary onuň buýrugyny şa aýaly Waşta ýetirenlerinde, ol patyşanyň huzuryna barmakdan boýun gaçyrdy. Muňa patyşanyň gaty gahary gelip, onuň kalbynda gazap ody lowlady.


Soňra Ester Hatak bilen gepleşip, ondan Mordekaýa şeýle habar iberdi:


Esteriň kenizleri we agtalary gelip, muny oňa habar berenlerinde, şa aýaly uly gaýga batdy. Ol Mordekaýa juluň deregine geýer ýaly eginbaş iberdi, emma ol olary kabul etmedi.


Hatak patyşanyň derwezesiniň öňündäki şäher meýdançasyna, Mordekaýyň ýanyna gitdi.


Hatak Esteriň ýanyna gidip, Mordekaýyň ähli tabşyryklaryny oňa aýtdy.


Şatlanýanlaryň şatlygyna şatlanyň, aglaýanlaryň agysyna aglaň.


Eger bir agza horluk çekse, beýleki agzalar hem horluk çekerler. Eger bir agza hormatlanylsa, ähli agzalar muňa şatlanar.


Her kes diňe öz bähbidini däl, eýsem başgalaryň bähbidini hem arasyn.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan