Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 4:4 - Mukaddes Kitap

4 Esteriň kenizleri we agtalary gelip, muny oňa habar berenlerinde, şa aýaly uly gaýga batdy. Ol Mordekaýa juluň deregine geýer ýaly eginbaş iberdi, emma ol olary kabul etmedi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Эстериң кенизлери ве агталары гелип, муны оңа хабар беренлеринде, ша аялы улы гайга батды. Ол Мордекая җулуң дерегине геер ялы эгинбаш иберди, эмма ол олары кабул этмеди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 4:4
10 Iomraidhean Croise  

Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen ölüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi.


Ýehu başyny galdyryp, penjirä tarap seredip: «Kim meniň tarapymda? Kim bar?» diýip gygyrdy. Onsoň iki-üç sany köşk agtasy ýokardan Ýehuwa seretdi.


Patyşanyň agtalary onuň buýrugyny şa aýaly Waşta ýetirenlerinde, ol patyşanyň huzuryna barmakdan boýun gaçyrdy. Muňa patyşanyň gaty gahary gelip, onuň kalbynda gazap ody lowlady.


Patyşanyň tabşyrygyny we permanyny eşiden ähli welaýatlardaky ýahudylar agyz bekläp, aglaşyp, dady-perýat bilen uly ýas tutdular. Olaryň köpüsi jul geýnip, kül üstünde oturdylar.


Soňra Ester öz hyzmatynda durýan patyşanyň agtalaryndan biri bolan Hatagy çagyryp, oňa Mordekaýyň ýanyna baryp, nämeleriň bolýandygyny we sebäbiniň nämedigini bilmekligi tabşyrdy.


Men size tymsal aýdyp bereýin, gadymyýetiň syrlaryny beýan edeýin.


Goý, Rebbe bil baglaýan keseki: «Reb meni Öz halkyndan aýrar» diýmesin, Agta: «Ine, men bir gury agaçdyryn» diýmesin.


Reb şeýle diýýär: «Ramadan bir ses eşidildi, agy we ajy perýat sesleri, Rahel çagalary üçin aglaýar, teselli berilmegini islemeýär, çünki indi olar ýok».


Ol hem turup, ýola düşdi. Gidip barýarka, efiopiýaly bir agta duşdy. Ol Efiopiýanyň melikesi Kandakynyň baş wezirleriniň biridi we onuň tutuş gaznasyny dolandyrýardy. Ol Iýerusalime ybadat etmäge gelip,


Öz goşunbaşylarydyr hyzmatkärlerine bermek üçin, galla hem-de üzüm hasylyňyzyň ondan bir bölegini eliňizden alar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan