Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 4:3 - Mukaddes Kitap

3 Patyşanyň tabşyrygyny we permanyny eşiden ähli welaýatlardaky ýahudylar agyz bekläp, aglaşyp, dady-perýat bilen uly ýas tutdular. Olaryň köpüsi jul geýnip, kül üstünde oturdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Патышаның табшырыгыны ве перманыны эшиден әхли велаятлардакы яхудылар агыз бекләп, аглашып, дады-перят билен улы яс тутдулар. Оларың көпүси җул гейнип, күл үстүнде отурдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 4:3
20 Iomraidhean Croise  

Bu waka Kserks patyşanyň döwründe bolup geçipdi. Kserks Hindistan bilen Efiopiýanyň aralygyndaky bir ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň üstünden şalyk sürýärdi.


Birinji aýyň on üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Hamanyň tabşyrygy boýunça patyşanyň ähli welaýatlardaky hökümdarlaryna we häkimlerine, bütin halkyň beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde perman ýazyldy. Perman patyşanyň adyndan ýazylyp, onuň ýüzügi bilen möhürlenildi.


«Bar, Suzadaky ähli ýahudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».


Ol patyşa köşgüniň derwezesine çenli geldi, çünki jul geýnen adam derwezeden içeri girmeli däldi.


Esteriň kenizleri we agtalary gelip, muny oňa habar berenlerinde, şa aýaly uly gaýga batdy. Ol Mordekaýa juluň deregine geýer ýaly eginbaş iberdi, emma ol olary kabul etmedi.


Hatlarda Purym günlerini öz bellenen wagtynda geçirmeklik buýruk berilýärdi. Mordekaý ýahudy bilen şa aýaly Esteriň edil özleri we öz nesilleri üçin agyz beklemä we perýada degişli kada-kanunlary dikeldişleri ýaly, olar indi ýahudylar üçin kada-kanunlary dikeltdiler.


Eýýup gaşanmak üçin bir küýze döwügini aldy-da, külüň üstünde oturdy.


Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.


Munuň üçin men: «Nazaryňy menden sow, zar-zar aglaýyn» diýdim. Eziz halkymyň weýrançylygy üçin teselli bermäň maňa.


Meniň saýlan agyz beklemäm, ynsanyň özüni kiçeltmeli güni şeýle bolarmy? Gamyş kimin başyňyzy egip, juluň, külüň üstünde ýatmak üçinmi? Siz muňa agyz bekleme, Rebbe ýaramly gün diýýärsiňizmi?


Seslerini gataldyp, seniň üçin perýat ederler, başlaryndan gum sowrarlar, küle togalanarlar.


Onsoň men ýüzümi Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp, dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.


Bu habar Ninewe patyşasyna ýetende, ol tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykardy we jul geýnip, kül üstünde oturdy.


Olar bulary lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar.


Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „El-aýagyny daňyň-da, ony daşary, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar“ diýýär.


Peýdasyz hyzmatkäri daşary, garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar“.


Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar.


Çaparlar Şawulyň ýaşaýan Gibga galasyna gelip, ýagdaýy halka habar berenlerinde, halk möňňürip aglady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan