Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 4:16 - Mukaddes Kitap

16 «Bar, Suzadaky ähli ýahudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 «Бар, Сузадакы әхли яхудылары йыгна, мениң үчин агыз бекләң, үч гиҗе-гүндизләп иймәң, ичмәң. Мен ве мениң кенизлерим-де сиз ялы агыз бекләрис. Шондан соң канундан чыкян хем болсам, патышаның янына гидерин. Гой, өлсем өлейин».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 4:16
29 Iomraidhean Croise  

Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».


Gudratygüýçli Hudaýyň Özi size ol adamyň öňünde rehim etsin; belki, ol beýleki doganyňyzy-da, Benýamini-de goýberäýedi-dä. Çagasyz galmaly bolsam, goý, galaýyn».


Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini eder» diýdi.


Gala gireli diýsek, galada elhenç açlyk höküm sürýär, biz ol ýerde öleris. Emma biz bu ýerde otursagam öleris. Gel, indi siriýalylaryň düşelgesine gaçyp gideli. Eger olar bizi diri galdyrsalar-a, ýaşarys, öldürseler-de öleris».


Ýehoşapat gorkup, Rebbi agtarmagy ýüregine düwdi. Ol bütin Ýahudada agyz beklemekligi yglan etdi.


Hudaýymyzyň öňünde özümizi peseldip, ýolda bizi, balalarymyzy we ähli emlägimizi goramagyny Ondan diläp, Ahawa derýasynyň boýunda agyz beklemegi yglan etdim.


Soňra Ester Mordekaýa şeýle jogap beriň diýdi:


Soňra Mordekaý gidip, hemme zady Esteriň tabşyryşy ýaly etdi.


Patyşanyň tabşyrygyny we permanyny eşiden ähli welaýatlardaky ýahudylar agyz bekläp, aglaşyp, dady-perýat bilen uly ýas tutdular. Olaryň köpüsi jul geýnip, kül üstünde oturdylar.


Üçülenji güni Ester özüniň şa lybasyny geýip, patyşa köşgüniň içki otagynda, patyşanyň tagty ýerleşen otagynyň garşysynda durdy. Patyşa köşgüň agzyndaky otagda öz şalyk tagtynda otyrdy.


Hatlarda Purym günlerini öz bellenen wagtynda geçirmeklik buýruk berilýärdi. Mordekaý ýahudy bilen şa aýaly Esteriň edil özleri we öz nesilleri üçin agyz beklemä we perýada degişli kada-kanunlary dikeldişleri ýaly, olar indi ýahudylar üçin kada-kanunlary dikeltdiler.


Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň bäşinji ýylynyň dokuzynjy aýynda Iýerusalim bilen Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halk Rebbiň öýünde agyz beklemegi yglan etdi.


Bu syryň açylmagy üçin Gögüň Hudaýyndan rehim-şepagat sorap dileg etmeklerini Danyýel olardan haýyş etdi. Şonda Danyýel we onuň ýoldaşlary Babylyň akyldarlary bilen birlikde heläk boljak däldiler.


Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.


Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder.


Pilat olara: «Eýýäm ýazjagymy ýazdym» diýip jogap berdi.


Özi bilen gepleşen perişde gidenden soň, Korneliý hyzmatkärlerinden ikisini we hemişe ýanynda bolýan bir takwa esgeri çagyrdy.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi.


Daň atyp barýarka, Pawlus hemmäni nahar iýmäge çagyrdy. Ol: «Siziň gaýgy-alada batyp, hiç zat iýmäniňize bu gün on dört gün boldy.


Üç günläp onuň gözleri görmedi, şol wagtyň dowamynda ol hiç zat iýip-içmedi.


Olar meniň üçin öz janlaryny howp astyna saldylar; olara diňe men däl, başga milletlerden bolan ýygnaklar hem minnetdardyrlar.


Çünki ol siziň maňa edip bilmedik hyzmatyňyzyň öwezini dolmak üçin, janyny howp astyna salyp, Mesihiň işiniň ugrunda tas ölüpdi.


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


Ol janyny howp astyna salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan