Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 4:14 - Mukaddes Kitap

14 Çünki sen şunuň ýaly pursatda ümsüm otursaň, onda ýahudylar başga ýerden ýardam tapyp, halas bolarlar, ýöne sen we seniň kakaň maşgalasy heläk bolar. Belki, sen şunuň ýaly pursatlar üçin şa aýaly bolansyň!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Чүнки сен шунуң ялы пурсатда үмсүм отурсаң, онда яхудылар башга ерден ярдам тапып, халас боларлар, йөне сен ве сениң какаң машгаласы хеләк болар. Белки, сен шунуң ялы пурсатлар үчин ша аялы болансың!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 4:14
31 Iomraidhean Croise  

Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.)


Şonuň üçin hem Reb Ysraýyla bir halasgär berdi. Şondan soň olar Siriýanyň golastyndan çykdylar. Şeýdip, ysraýyl halky öňküsi ýaly öz öýünde asudalykda ýaşady.


Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz dünýä injek bolup duran balasyny dogurmaga mejaly galmadyk aýalyňky ýalydyr.


Biz gullardyrys, emma Hudaýymyz bizi gulçulykda terk etmän, gaýtam Pars patyşalarynyň huzurynda bize Özüniň merhemetini eçildi. Hudaýymyzyň öýüni gurup, onuň ýykylan ýerlerini dikelder ýaly, bize täze durmuş berdi. Ol Ýahudada we Iýerusalimde bize pena berdi.


Emma men: «Meniň ýaly adam gaçarmy? Heý-de meniň ýaly adam diri galmak üçin içki otagda gizlenermi? Ýok, men içki otaga girjek däl!» diýdim.


Ester Mordekaýyň gyzlygy, onuň kakasynyň dogany Abyhaýylyň gyzydy. Patyşanyň huzuryna barmak nobaty ýetende, ol patyşanyň aýallara gözegçilik edýän agtasy Hegaýyň aýdanlaryndan başga hiç zat soramady. Ester özüni görenleriň barynyň göwnünden turdy.


Ähli aýallaryň içinden patyşa Esteri saýlady. Ol patyşanyň nazarynda beýleki gyzlaryň ählisinden köp merhemet we mähir gazandy. Şeýdip, ol Esteriň başyna şalyk täjini geýdirip, ony şa aýaly Waştynyň ýerine öz şa aýaly etdi.


Mordekaý kakasynyň doganynyň gyzy Hadassany, ýagny Esteri özi terbiýeläp kemala getiripdi, çünki ol gyzyň ejesi-de, kakasy-da ýokdy. Ol syratly, görmegeý boý gyzdy. Onuň ejesi, kakasy ölenden soň, Mordekaý ony özüne gyzlyga alypdy.


Mordekaý hem Estere olardan şeýle jogap iberdi: «Patyşanyň köşgünde bolanyň üçin bar ýahudylaryň içinden ýeke özüň aman galaryn öýtme.


Soňra Ester Mordekaýa şeýle jogap beriň diýdi:


Maňa dem almaga salym bermeýär, Ol kalbymy hasratdan doldurýar.


Ýyrtmagyň öz wagty bar, tikmegiň öz wagty; dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty.


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Men seniň bilendirin, Men seni halas ederin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Saňa adalatly temmi bererin, emma jezasyz-da galdyrmaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Gorkma, eý, gulum Ýakup, çünki Men seniň bilendirin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Emma saňa adalatly temmi bererin, seni jezasyz galdyrmaryn. Muny Reb aýdýandyr».


Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.


Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy, emma saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar.


Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.


Piliştliler: «Muny kim beýle etdikä? Bu timnalynyň giýewsi Şimşonyň işidir, sebäbi onuň gaýynatasy Şimşonyň aýalyny toý wagtynda Şimşona dost bolana alyp berdi» diýdiler. Şonuň üçin piliştliler ol aýaly we onuň kakasyny otladylar.


Şöhratly adynyň hatyrasyna Reb Öz halkyny terk etmez, çünki Ol sizi Öz halky etmekden hoşal boldy.


Dawut oňa: «Meniň eden zadym näme? Men indi geplemelem dälmi?» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan